SPORT

Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly – 2025» ralli-reýdi ýaryşyna gatnaşýar

12-22-nji iýul aralygynda Russiýa Federasiýasyndan Mongoliýa Respublikasyna uzaýan «Ýüpek ýoly – 2025» ralli-reýdi ýaryşyna badalga berildi. 4811,58 kilometrlik menzile uzap gidýän halkara ýaryşyna Türkmenistandan türgenler hem gatnaşýar.

Halkara ralli ýaryşynyň ilkinji tapgyryna 12-nji iýulda badalga berildi. Bu ýaryş 15-nji gezke geçirilip, ilkinji gezek ol 2009-njy ýylda geçirilipdi. Şonda halkara ýaryş Russiýa we Merkezi Aziýa döwletlerinden geçipdi.

Halkara ýaryşyň açylyş dabarasynda çykyş eden Russiýa Federasiýasynyň sport ministri Mihail Degtýarew bu ýaryşyň ilkinji gezek Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäklerinde geçirilendigini ýatlap, 15 ýylyň dowamynda ol Hytaýy we Mongoliýany hem öz içine alandygyny belledi. Rus ministri ýaryşa Beýik Ýüpek ýolunyň hormatyna “Ýüpek ýoly” rallisini adynyň berlendigini ýe bu gadymy ýoluň asyrlardan bäri Ýewraziýanyň halklaryny birleşdirip gelýändigini belledi.

Bu halkara ýaryşa jemi 15 döwletden 101 ekipaž gatnaşyp, olar T1, T2 , T3, T5, moto-kwadrasikelleriň toparlaryndan ybaratdyr.

T2 görnüşindäki ýaryşa ençeme ýyldan bäri gatnaşyp gelýän türkmen türgenleri birnäçe gezek baýrakly orunlary eýelemegi başardylar.

Geçen gezekki ýaryşda Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň türgenleri, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň sürüjileri Merdan Toýlyýewiň (sürüji) we Şöhrat Toýlyýewiň (şuturman) ekipažy 2-nji orna mynasyp boldy. Şeýlelikde, olara «SILK WAY 2024» atly kubok gowşuryldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň türgenleri Maksatmyrat Daňatarow we Didar Orazmedow 3-nji orna hem-de «SILK WAY 2024» kubogyna eýe boldular.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady