SPORT

Türkmen türgeni Ýewropanyň bürünç medalyny gazandy

Ýakynda Polşanyň paýtagty Warşawa şäherinde dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Ýaryşda türkmen ýygyndysyna 13 türgen wekilçilik etdi. Has takygy, ýurdumyzyň erkekler ýygyndysynda Hakberdi Jumaýew, Aýbek Ömirow (60 kilograma çenli agram derejesinde) Serdar Rahymow, Hekim Agamämmedow (66 kilograma çenli), Parahat Nazarow, Begenç Soltanow (73 kilograma çenli), Şatlyk Seýitmyradow (81 kilograma çenli), Mämmedaly Açyldyýew (90 kilogram) we Baýmyrat Majanow (100 kilograma çenli), zenanlar ýygyndysynda bolsa Aksoltan Hojageldiýewa, Gurbanaý Gurbanowa (48 kilograma çenli), Maýsa Pardaýewa (57 kilograma çenli) we Zülhumar Daşgynowa (63 kilograma çenli) dagy ýaryşdylar. Olar abraýly ýaryşa tejribeli tälimçiler Gahryman Amandurdyýew bilen Tatýana Widýasowanyň ýolbaşçylygynda gatnaşdylar. Umuman, Ýewropanyň açyk çempionatynda 43 döwletden 429 türgen güýç synanyşdy.

Çekeleşikli geçen tutluşyklaryň netijesinde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň wekili Hakberdi Jumaýew 60 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medalyň eýesi boldy. Üçünji orun ugrundaky duşuşykda ukrainaly Nazar Wiskowy ýeňen türkmen türgeni bürünç medaly gazagystanly Şerzod Dawlatow bilen paýlaşdy.

Bu agram derejesinde hormat münberiniň birinji basgançagyna 20 ýaşly fransiýaly türgen Waladýe Pikar çykdy. Ol altyn medal ugrundaky duşuşykda watandaşy Žan Enzony ýeňdi.

Bu üstünlik Hakberdi Jumaýewiň Ýewropanyň açyk çempionatyndaky ilkinji ýeňşi däldir. Ol geçen ýylyň sentýabr aýynda Awstriýanyň Oberwert şäherinde geçirilen açyk çempionatda altyn medal gazanypdy. Şeýle hem ol geçen ýyl Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilen Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykyp, dünýä tapgyrynyň Zagreb Gran-prisinde ilkinji 7-lige girmegi başarypdy. Hakberdi Jumaýew Braziliýada we Ýaponiýada geçirilen Tomusky Olimpiýa oýunlaryna hem gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri