JEMGYÝET

Türkmen telewideniýesi halkara hyzmatdaşlarynyň sanyny artdyrýar

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň teradioýaýlymlary tarapyndan ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan gepleşikler toplumlary ýazgy edilýär. Bu barada komitetiň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew Daşary işler ministrliginde şanly baýramçylyk mynasybetli geçirilen halkara mediaforumyň çäklerinde «Türkmenistan» gazetiniň wekillerine habar berdi.

Ýurdumyzyň alymlarynyň gatnaşmagynda ol gepleşiklerde aýdylýan maglumatlara syn hem-de seljerme berilýär. Komitet halkara derejede teleradioýaýlymlar babatda alnyp barylýan işlerde Türkmenistanyň adyndan wekilçilik edýär. Şo­ňa görä-de, häzirki wagtda Türkiýäniň, Bahreýniň, Eýranyň, Belarusuň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň teleradiokompaniýalary bilen özara hyzmatdaşlyk etmek baradaky baglaşylan ähtnamalardyr ylalaşyklaryň çäklerinde maglumatlary alyşmak babatda degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle hem «Euronews», «Rossiýa 24», «Mir» ýaly iri teleradiokompaniýalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk ýola goýlup, gepleşikler taýýarlanylýar. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti Aziýa — Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň (ABU) doly hukukly agzasy bolmak bilen, birleşige agza ýurtlaryň teleradiokompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Ýady­ňyzda bolsa, türkmen paýtagtynda 2018-nji ýylda Aziýa — Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisi hem geçirilipdi. Oňa dünýäniň dürli künjeginden habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 400-e golaýy gatnaşdy.

Häzirki günlerde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, uly göwrümli gepleşiklerdir dokumental filmleri taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Milli teleýaýlymlarymyzda ýurdumyzyň çäginde geçirilýän dürli görnüşli medeni-köpçülik çärelerden, maslahatlardan taýýarlanylýan söhbetli we şekilli görnüşler, habarlar, aýdym-sazly, teatrlaşdyrylan sahnalar bilen bezelen söhbetdeşlikler, aýdymçylarymyzyň dürli dillerde ýerine ýetirýän aýdymlary, daşary ýurtly bilermenleriň, diplomatlardyr halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň çykyşlary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler bu taryhy senäniň ähmiýetini halkymyzyň arasynda, şol sanda tutuş dünýä jemgyýetçiliginde wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-li işewürleri kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ilçisini kabul etdi

“Botaş”-yň baş direktory: esasy maksadymyz – türkmen gazyny uzakmöhletleýin satyn almak

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary

“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025″ atly 30-njy halkara maslahaty we sergisi başlady

Ata Watan Eserleri