JEMGYÝET

Türkmen telekeçileri 28 milliard dollarlyk 5300-den gowrak taslamany durmuşa geçirdi

Türkmen telekeçileri tarapyndan ýurdumyzda 97 milliard manada golaý ýa-da 28 milliard amerikan dollaryna golaý 5 müň 300-den gowrak taslama üstünlikli durmuşa geçirildi. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasynda eden çykyşyndan belläp geçdi.

Milli Liderimiz telekeçileriň gazanýan üstünlikleri barada şeýle diýdi:

– Ykdysadyýetiň hususy pudagyny goldamak we ösdürmek biziň döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugry bolup durýar. Garaşsyz ýurdumyzda hususy pudaga hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Kiçi we orta telekeçilik işi yzygiderli ösdürilýär. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, 2010-njy ýylda telekeçileriň «Rysgal» gazetiniň, 2011-nji ýylda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň, 2012-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi Diýarymyzda hususy pudagy ösdürmegiň ýolunda möhüm ädimler boldy. 2011-nji we 2014-nji ýyllarda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara binalary hem gurlup ulanmaga berildi.

Ilkibaşda türkmen telekeçileriniň ýöredýän kärhanalary kuwwatlylygy kiçiräk, ýönekeýje kärhanalardy. Döwletimiziň berýän hemaýat-goldawlaryny netijeli peýdalanyp, bu günki gün şol kiçi kärhanalar uly kuwwatly önümçilige öwrüldi. Olar dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýärler. Ýurdumyzda şeýle kuwwatly kärhanalaryň sany ýylsaýyn artýar.

Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 29 müňden gowrak agzasy bar. Olar ýurdumyzda kabul edilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly işleri alyp barýarlar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady taýdan rowaçlygyny, ägirt uly mümkinçiligini görkezýän Arkadag şäheriniň gurluşygyna hem birleşmäniň agzalary mynasyp goşant goşýarlar. «Akylly» şäheriň birinji tapgyrynda birleşmäniň agzalarynyň gatnaşmagynda jemi bahasy 11 milliard 500 million manada golaý bolan 337 sany desga gurlup ulanmaga berildi. Onuň ikinji tapgyrynda birleşmäniň agzalarynyň gatnaşmagynda jemi bahasy 3 milliard 400 million manada golaý bolan 120 sany desganyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary jemi bahasy 2 milliard 300 million amerikan dollaryna deň bolan, umumy uzynlygy 600 kilometre ýetýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny hem ýerine ýetirdiler. Häzirki günde bu döwrebap ýoluň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.

Umuman, birleşme döredilen wagtyndan bäri onuň agzalary tarapyndan 97 milliard manada golaý ýa-da 28 milliard amerikan dollaryna golaý 5 müň 300-den gowrak taslama üstünlikli durmuşa geçirildi. 425 müňe golaý iş orny döredildi. Munuň özi «Telekeçiler ýurdumyzyň altyn hazynasydyr» şygarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azerbaýjanda gurjak metjidiniň düýbi teleköpri arkaly tutuldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň sammitinde çykyş etdi

Azerbaýjanda Türkmenistan tarapyndan guruljak metjidiň düýbi tutuldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy

Ata Watan Eserleri