Telekeçilerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak maksady bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinden billerini berk guşap, gurluşyklaryň depginini has-da güýçlendirdiler. Bu hem öz ajaýyp miwesini berdi. Türkmen telekeçileri şu ýylyň geçen sekiz aýynda 128 binadyr desgany gurup ulanmaga taýýar etdiler. Olaryň 90-sy ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarydyr. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Şu ýerde käbir mysallara salgylanylýar:
- «Daň ýagtysy» hususy kärhanasy Balkanabat şäherinde 2 sany 4 gatly, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýyny gurdy.
- «Sapaly geljek» hojalyk jemgyýeti 1 sany 4 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny tamamlady.
- Aýratyn hem, Daşoguz welaýatynda geçen sekiz aýda ýaşaýyş jaýlary köp guruldy. «Çemenli daglar» hususy kärhanasy 4 sany 4 gatly, 16 öýli, «Derkar» hojalyk jemgyýeti 4 sany 4 gatly, 4, 16, 24, 36 öýli, «Ak bagt» hususy kärhanasy 3 sany 4 gatly, hersi 16 öýli, «Nurly badalga» hususy kärhanasy hem 1 sany 4 gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurdy.
- «Gaýratly dost» hususy kärhanasy Lebap welaýatynda 1 sany 4 gatly, 24 öýli, «Mizemez gadam» hususy kärhanasy 1 sany 4 gatly, 24 öýli, «Maksatly hyzmat» hususy kärhanasy 4 sany 4 gatly, 16 öýli, «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy bolsa 1 sany 4 gatly, 36 öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurup ulanyşa tabşyrdy.
- Mary welaýatynda 2 gatly, 1 öýli kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 59-sy guruldy. Olary «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler.
- Şeýle-de Baýramaly şäherinde 4 gatly, 54 öýli ýaşaýyş jaýyny «Gurluşyk awto hyzmat» hususy kärhanasy gurdy.
- Gözel paýtagtymyzda hem ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 8-si gurlup ulanmaga berildi.
- Täze okuw ýylynyň öň ýanynda Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200, Hojambaz şäherinde 960, Saýat etrabynyň Alpan obasynda 400, Mary şäherinde 500 orunlyk orta mekdepler gapylaryny giňden açdy. Olary-da türkmen işewürleri gurdular. Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Saryýazy obasynda 160 orunlyk çagalar bagy körpeleri gujak açyp garşylady.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynyň geçen sekiz aýynda ýaşaýyş-durmuşymyz üçin zerur bolan desgalaryň 10-sy işe girizildi.
- Gökdepe etrabynda 20 müň kub metr lagym arassalaýjy desgany «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasynyň hünärmenleri gurdular.
- Ak bugdaý etrabynda dürli diametrli polat turbalary we profilleri öndürýän kärhana işläp başlady.
- Bäherden we Köýtendag etraplaryndaky sement zawodlarynyň her ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply ikinji tapgyrlarynyň işe girizilmegi bilen, ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň kuwwatlylygy artdy.
- Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň çäginde gurlan «Şir ýag» haryt nyşanly çalgy ýaglaryny öndürýän kärhananyň önümleri islegli harytlaryň hatarynda tanalýar.
- Wekilbazar etrabynda poliefir we polipropilen süýümini öndürýän kärhana işläp başlan dessine, bu önüme bolan isleg artdy. Eýýäm bu önüm dostlukly Özbegistana eksport edilýär.