JEMGYÝET

Türkmen tebigy gazynyň Özbegistana iberilýän möçberi artdyrylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda  özara bähbitlilige hem-de hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we goldaw bermek, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda Özbegistan Respublikasyna tebigy gazyny iberýär.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri we doganlyk goňşy döwletiň Baştutany gaz ulgamyndaky bilelikdäki işiň ýokary netijeliligini we uzakmöhletleýin häsiýetini bellediler hem-de türkmen tebigy gazynyň Özbegistana iberilýän möçberini artyrmak barada ylalaşdylar. Şeýle hem ýakyn wagtda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bu ugurdaky bilelikdäki taslamalaryň uly mümkinçilikleri nygtaldy.

Şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa özbek-türkmen gatnaşyklaryny  mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we ösdürmekde öňe sürülýän teklipleri goldaýandygy üçin ýene bir gezek çuňňur hoşallygyny we minnetdarlygyny beýan etdi.

Ýene-de okaň

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi (suratlarda)

Ata Watan Eserleri

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi