BILIM

Türkmen talyplary Özbegistanda tejribelik geçýärler

6 — 17-nji iýul aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidromeliorasiýa fakultetiniň 1 mugallymy,  10 talyby hem-de oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň 1 mugallymy, 10 talyby Özbegistanyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynda tejribelik geçýärler.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Onuň çäklerinde guralýan tejribelige gatnaşýan ildeşlerimiz özbek topragynda mähirli garşylanyp, olar üçin baý bilim-medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onuň esasy maksady talyplaryň alan nazary bilimlerini tejribede berkitmekden, özara tejribe alyşmakdan, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Ildeşlerimiz Daşkent şäheriniň ylym-bilim ojaklaryna, oba we suw hojalyk desgalaryna, taryhy-medeni ýadygärliklerine aýlanyp gördüler. Saparyň çäginde «Smart Solutions System» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň talyplaryň okuwlaryny guramak, onuň netijelerine gözegçilik etmek boýunça döwrebap sanly ulgamy bilen tanyşdylar. Tejribeligiň çäklerinde özbegistanly hünärmenler ýurduň suw hojalygynda ulanylýan enjamlar, «akylly» tehnologiýalar, suw ölçeýjiler barada gürrüň berdiler.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 25-nji iýuny — 4-nji iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň talyplary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde tejribelik geçdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Lu Ban ussahanasynyň» ähmiýeti boýunça Hytaýda geçirilen maslahata gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: emeli aň boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirer

Türkmenistanly oglanyň esaslandyran startapy- «KinesteX» 8 million ABŞ dollary möçberinde bahalandyryldy

“Sanly çözgüt—2025” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

Türkmenistanyň wekiliýeti «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty-2025» atly halkara çärä gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Pekin halkara ylmy-barlaglar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy