MEDENIÝET

Türkmen sazandalary Wenadan “Altyn baýrak” bilen dolandylar

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 23 –— 26-njy iýuly aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde XI Bütindünýä orkestr festiwaly geçirilip, oňa ýurdumyzyň zehinli sazandalaryndan ybarat bolan Ýaşlar kamera orkestri gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.

2013-nji ýylda Wena şäherinde esaslandyrylan festiwal her ýyl ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, dünýäniň dürli künjeklerinden köp sanly sazandalarydyr sazandalar toparlaryny bu ýere ýygnaýar. Bütindünýä orkestr festiwalynyň guramaçylyk komitetiniň çakylygy esasynda bu özboluşly döredijilik baýramçylygyna ýurdumyzyň Ýaşlar kamera orkestri bilen bir hatarda Awstriýa, Germaniýa, Fransiýa, Ispaniýa, Italiýa, Niderlandlar, Horwatiýa, Polşa, Irlandiýa, Estoniýa, Kosowo, Çernogoriýa, Malaýziýa, Hytaý, Indoneziýa, Gonkong, Çili, Ekwador hem-de Türkiýe döwletlerinden jemi 40-dan gowrak sazandalar toparlary gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ýaşlar kamera orkestri zehinli dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Wena şäheriniň iň naýbaşy konsert zallarynda daşary ýurt nusgawy eserleri hem-de türkmen dutary bilen çykyş edip, festiwala gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolmagy başardylar. Şeýle hem festiwalyň dowamynda awstriýaly tanymal dirižýor, professor Nil Waron türkmen sazandalary bilen bilelikde ussatlyk sapagyny geçdi.

Festiwalyň ýapylyş dabarasy “Altyn zal” ady bilen belli bolan dünýäniň iň meşhur konsert zallarynyň biri “Muzikferaýnda” geçirildi. Bu ýerde hem tomaşaçylar türkmen sazandalarynyň çykyşlaryny gyzgyn el çarpyşmalar bilen kabul etdiler.

Konsertiň ahyrynda festiwalyň çäklerinde geçirilen bäsleşigiň netijeleri yglan edildi. Eminleriň biragyzdan ses bermegi bilen, türkmen sazandalary “Kamera orkestri” ugry boýunça “Altyn baýraga” mynasyp boldy. Şeýle hem türkmen sazandalarynyň çykyşyna ýokary baha berlip, “Iň gowy dirižýor”, “Nusgawy sazy iň gowy ýerine ýetirmek” we “Iň gowy täsirli ýerine ýetirmek ussatlygy” ugurlary boýunça ýörite şahadatnamalar gowşuryldy.

Mälim bolşy ýaly, Ýaşlar kamera orkestri 2024-nji ýylda geçirilen halkara festiwalda hem “Altyn baýraga” mynasyp bolmagy başarypdy.

Festiwalyň döredijilik komitetiniň prezidenti, britan dirižýory, professor Tobi Pýorser geljekde Türkmenistana baryp görmek, Ýaşlar kamera orkestri bilen bilelikdäki konsertleri guramak isleýändigini nygtady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda awgust aýynda geçiriljek esasy çäreler

«Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry üstünlikli geçirildi

Italiýada Türkmenistanyň arheologik üstünlikleriniň sergisi geçiriler

2026-njy ýylda Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçiriler

«Pa­ra­hat­lyk aý­dy­my» at­ly tä­ze film tomaşaçylara hödürlendi

«Balkan Trip TV» teleýaýlymy türkmen zergärleriniň ussatlygy barada gepleşik taýýarlaýar