DÜNÝÄ

Türkmen-rus uniwersiteti boýunça hökümetara ylalaşygy tamamlamak üçin tagalla ediler

Türkmenistan we Russiýa Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetiniň döredilmegi baradaky hökümetara ylalaşyk boýunça alnyp barylýan işi tamamlamagyň zerurdygy barada ylalaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen geçirilen gepleşikleriň netijelerine esaslanyp habar berdi.

«Biz Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetiniň döredilmegine mümkinçilik berjek hökümetara resminamalar boýunça işi doly tamamlanmagynyň zerurdygyny aýratyn belledik» – diýip, R.Meredow žurnalistlere aýtdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, Türkmenistanda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň täze binasynyň gurulmagy we A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň goşmaça binasynyň gurluşygy üçin degişli resminamalaryň taýýarlanylmagy hem möhüm bolup durýar.

«Iki ýurduň ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklaryny dowam etdirmek barada ylalaşandyklaryny bellemek gerek» – diýip, diplomat nygtady.

Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrowyň arasyndaky duşuşyk 28-nji awgustda Moskwada boldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar bilen bagly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy