Edebiýaty öwreniş ylmynda proza sözi-kyssa bilen sada, ýönekeý edebi dilde ýazylan, labyzly okalýan, bilesigelijilik we gyzyklanma döredýän, çeper poetik sözleriň we dürli stilleriň umymy alamatlaryny özünde jemleýän, çylşyrymly jemgyýetçilik häsiýetleriň, taryhy ösüşleriň, durmuş barlyklarynyň, tebygat wakalarynyň köpsanly gahrymanlaryň ykbaly, şözleýşi, duýgusy bilen yzgiderli açylyp görkezilýän uly göwrümli epiki žanry aňladýar. 1878-nji ýyldan bäri her ýylyň 10-njy marty proza ýazyjylaryň halkara güni hökmünde bellenilip gelinýär. Edebiýatyň taryhyny öwreniş ylmynda türkmen halkynyň edebi gymmatlyklarynyň kemala gelşi, ýaýrawy we ösüş aýratynlyklary bäş döwre bölünmek bilen şolaryň bir tapgyry XX asyr türkmen edebiýatynyň döredijilik miraslary hökmünde öwrenilýär. XX asyr türkmen edebiýatynda parahatçylyk söýüjilik maksatlaryň asylly ýörelgeleriniň waspy milli medeniýetiň we çeperçilik sungatyň 30-dan gowrak görnüş ugurlarynda öçmejek yz galdyrdy. Geçen ýüzýyllykda türkmen edebiýatynda parahatçylyk ylhamy bilen bagry badaşan çeperçilik pikirleriň ajaýyp nusgalary we milli medeni baýlyklar sungatyň-proza, poeziýa, dramaturgia, çagalar edebiýaty, edebi tankyt, terjimeler, şekillendiriş, telewideniýe, kino, radio, aýdym-saz, amaly-haşam žanrlarynda has-da pajarlap ösdi. Iki müňünji ýylyň soňky ýüzýyllygy türkmen prozasy rahatlyk beriji duýgularyň hümmetini aýdyň we özüneçekiji şahyrana usullar arkaly dürli žanrlarda wasp etmekde, jemgyýetçilik ykbalynda asudalygy dabaralandyryjy sungaty köptaraply suratlandyrmakda, ösüşleriň hereket, häsiýet, hakykat ölçeglerinde halklaryň umumy abadançylygyny çeper taryp etmekde parahatçylygyň ilkinji edebi jarçylarylarynyň, nusgawy derejede görelde görkezen ussatlaryň, ylmy işgärleriň, edebi tankytçylaryň, milli medeniýetiň dürli wekilleriniň iki ýüze golaýynyň atlaryny şatlyk bilen buşlady. 1934-nji ýylyň 7-8-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ýazyjylar soýuzynyň I gurultaýynda prawleniýanyň ilkinji başlygy H Çaryýew özüniň taryhy çykyşynda ilkinji bolup milli ýazyjy-şahyrlaryň öňünde ,,XX asyryň türkmen prozasynda dürli temalar bilen birlikde yklymlaryň ykbalyna täsir etjek, döwürlere, dillere, halklaryň ömrüne ýalkym saçjak, ajaýyp pikir açyşly, parahatçylyk hereketlerini wasp ediji eserleriň döredilmegini çaltladyrmak’’ baradaky asylly pikirleri esasy, baş wezipeleriň biri hökmünde öňe sürýär. 1943-nji ýylda XX asyryň türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujylaryň biri bolan B Kerbabaewiň zeminiň parahatçylyk älemini wasp edýän ,,Mertleriň aýdymy’’ atly eseriniň Nýu-Ýork şäherinde iňlis dilinde tejime edilmegi, onuň ählumumy parahatçylyk medeniýeti bilen bagly proza eserleriden parçalaryň ,,Unita’ atly italýan gazetinde çap edilmegi milli edebiýatymyzyň proza žanrynyň gözelliklerini halkara derejesinde ilkinjileriň biri bolup arşa galdyrdy. Türkmen prozasynda asudalygyň daň şapagyna, rahatlygyň mylaýym gündizlerine, dynçlygyň aýly gijeleriniň jemalyna zynat berýän parahatçylyk ýörelgeleriniň waspy XX asyryň ilkinji ýarym asyrynda H Gurbanow, G Burunow, H Derýaýew, N Saryhanow, O Täçnazarow, A Alamyşowy, A Gowşudowy, A Durdyýewi, H Ysmaýylowy, B Seýtäkowi, B Soltanýazowy, K Işanowy, Ý Nasyrlyny, B Pürliýewi, N Annagylyjowy, B Hudaýnazarow ýaly görnükli edebi ýyldyzlaryň, çeper sözüň nakgaşlaryň dürli dillerdäki eserleri arkaly has-da baýlaşdy. Geçen ýüzýyllygyň togsanynjy ýyllaryna çenli döwürde türkmen edebiýatynyň proza žanrynyň 10-dan gowrak ugurlarynda dürli durmuşy temalar bilen utgaşdyryp parahatçylyk söýüjilik galkynyşlary dürli çeperçilik ölçegleri bilen dürli mazmunlarda täze edebi-ruhy gymmatlyklary döretmekde Ç Aşyrow, G Muhtarow, G Kulyýew, N Baýramow, H Garabaýew, Ö Nepesow, A Taşow, G Annasähedow, T Jumageldiýew, R Esenow, N Hojageldiýew, H Diwangulyýew, O Ödäýew, G Şamyýew, G. Gurbansähedow, K Ylýasow, Ş Taganow, Ý Durdyýew, T Jürdekow, H Meläýew, A Tagan, A Haýydow, O Annaýew, N Hojageldiýew ýaly proza žanrynyň ussatlary uly hyzmatlary bitirdiler. Olar halklaryň dürli döwürlerde front, tyl, zähmet edermenlikleri bilen parahatçylyk meýilleri barada ajaýyp eserleri döredip, abadançylyk maksatlaryna gönükdirilen, galam ýörediş ussatlyklary boýunça şirin zybany, döredijilik höwesleri, täsirli, gyzykly pikir başarnyklary, jadyly göwün ýüwürtmeleri, göz öňüne getirmeleri, gaýtalanmajak pikirlenme ukyplary bilen uly ylhamly halypalar, asudalygyň edebi zarpçylary hökmünde taryhy sahnada ilkinjiler hökmünde orun aldylar. Halypalaryň ötgür, ýiti galamlarynyň, zehin dünýäsinden kemal tapan,,Ganly jeňňel’’, ,,Olara ölüm’’, ,,Ýalyn’’, ,,Ýaraly ýüregiň mukamy’’, ,,Uruş’’ ,,Şükür bagşy’’, ,,Haşar’’, ,,Düýnki adamlar’’, ,,Argyş’’, ,,Gylyç duşmanyň tylynda’’, ,,Söweşjeň ses’’, ,,Front hekaýalary’’, ,,Gülle degen sünbüller’’, ,,Gurban Durdy’’, ,,Ýesir’’, ,,Uruş ody’’, ,,Ýowuz günler’’ ,,Söndi’’, ,,Gazap’’, ,,Iki atanyň bir ogly’’, ,,Dordepel’’, ,,Mähekdaş’’, ,,Göreş’’,,Bahar-Hoşgeldi’’, ,,Doganlar’’, ,,Aýgytly ädim, ,,Ganly saka’’… ýaly meşhur eserlerde parahatçylyk söýüjilik häsiýetlerini dünýä ýaýýan çeperçilik pikirleriň täze gözýetimleriniň taryply orny jemgyýetçilik sahnasynda bu günki gün hem ähmiýetini ýitrmän gelýär. 1901-1991-nji ýyllar aralygynda edebi jemgyýetçilikde jebisligiň, agzybirligiň, asudalygyň, durnukly, hoşniýetli, sagdyn ýaşaýşyň gymmatlyklary barada kämil, netijeli, çeper oýlap tapyşly, çuňňur duýguly, dünýewi mazmunly, akyl ýetiriş işiniň täze ylhamlaryny, pikir ýöretmelerini öz içine alýan, parahatçylyk medeniýetini we ymtylyşlaryny düýpli, umumy häsiýetde ruhlandyryjy, lezzet beriji, erkin başlangyçly şahyrana sesleri bilen halklaryň abadan jemgyýeti barada köptaraply çeper eserleri döretmekde şöhratly asyryň döredilijilik kerweninde A Kowusow, Ş Borjakow, Ç Gurbangylyjow, N Jumaýew, N Aşyrow, R Alyýew, A Aborskiý, Ş Çarygulyýew, Ý Mämediýew, G Hydyrow, A Atajanow, A Kürt, T Taganow, A Çüriýew, H Durdyýew, S Öräýew, A Nurgeldiýew ýaly ýazyjylar egindeş, döwürdeş, kärdeş galamgärlerinden söz senediniň edermen serkerdeleri, asudalyk çemenzarlygynyň bilbilleri hökmünde aýratyn tapawutlandylar. Parahatçylyk ylhamyny täze çeper çözgütlerde, suratlandyrylyş reňklerini ynanadyryjylykly, tolgundyryjy çemeleşmelerde açyp görkezmekde uly yhlaslylyk görkezen, bir maşgala kemala gelen doganlar-Baýram, Annaberdi, Arap, Täşli Gurbanow, G Daňatarow, Ö Ýerbendi, D Nuryýew, R Durdyýew, N Rejepow, K Nurbatow, A Muhadow, G Orazgulyýew, B Taganow ýaly prozaçylaryň döredijilik üstünlikleri halk arasynda hemişe ýagşylykda ýatlanylýar. Durmuşyň köptaraply keşbinde rahatlygyň, abadançylygyň gymmatyny, parahatçylyk sungatynyň gözelliklerini çeper sözleýşiň şahyrana dünýäleri, edebiýatyň göreşjeň duýgulary bilen wasp etmekde türkmen prozaçylarynyň 20-ä golaýynyň dürli ýyllarda halkara derejesinde ýokary baýraklara mynasyp bolmaklary aýratyn buýsandyryjydyr. XX asyryň türkmen prozasynda orun alan parahatçylyk eserleriň zeminiň 50-den gowrak dillerindäki antologiýalarda, almanahlarda, neşirlerde orun alamagyna dürli ýyllarda dürli ýurtlaryň terjimeçileriň 70-den gowragynyň işeňňir gatnaşmagy aýratyn buýsanyryjydyr. Sýužeti, kompozisiýasy, ideýasy, tematikasy, taryhy keşbi parahatçylyk söýüjilik maksatlary bilen aýdyň utgaşýan, zemine abadançylyk älemgoşarynyň yşkyny çaýan proza eserlerinden ugur alnyp edebi dilde ýurdumyzyň teatr sahnalarynda 50-ä golaý spektakllaryň goýulmagy, 20-ä golaý romanlaryň, 40-dan gowrak powestleriň, 30-dan gowrak poemalaryň, terjime eserleriň 100-e golaýynyň, 50-ä golaý aýdym-sazlaryň, 150-den gowrak hekaýalaryň, basniýalaryň, ertekileriň, oçerkleriň, esseleriň, ýol, awtobiografik, gündelik, ýatlama-memuar, feleton, dokumental ýazgylaryň, rowaýata öwrülen kyssalaryň, nowellalaryň döredilmegi aýratyn guwandyryjydyr. Öwezini dolup bolmajak ýitgileri, pidalary getiren, gazaply, hasratly, ýüreklere öçmejek ýaralary salan uruş meýdanlarynyň ýowuz synaglarynda watan, arzyly ýeňiş üçin gurban bolan gahrymanlaryň parahatçylyk ugrundaky ölmez-ýitmez front, tyl, zähmet, durmuş gahrymançylyklaryny, halklaryň dostlugyny, milletleriň raýdaşlygyny täze çeperçilik açyşlarynda wasp edýän 30-a golaý prozaçylarymyzyň eserleriniň ýüzýyllygyň dürli döwürlerinde dürli ýurtlarda gaýta-gaýta dürli dillerde neşir edilip okyjylara ýetirilmegi ýazyjylaryň kitaplarynyň gymmatlydygyny, döwrebapdygyny we ýyllaryň täze hatarlaryna mynasyp sesini goşup bilýändigini aýdyň görkezýär. 1987-nji ýylyň 12-13-nji maýynda Aşgabatda GDA-nyň (ozalky SSSR) Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýasy tarapyndan geçirilen milli we halkara edebiýatyny öwreniş maslahatynda XX asyryň türkmen prozasynyň ýeňiş estafetasy bilen jahana ýaýylan parahatçylyk taglymatlarynyň raýatlyk, watançylyk, ynsanperwerlik, dostluk, hoşniýetlik, ynanyşmak äheňlerinde wasp edilişiniň çeperçilik üstünliklerine, lezzet beriji güýjüne, terjime kitaplaryň satuw reýtingindäki ornuna, halklaryň ykbalynyň asudalyk baradaky şinälän arzuwlarynyň şeýda edýän suratlandyryş gymmatyna, ýyllaryň soňky on onlugynda geçmişe siňen ylhamly edebi proza eserleriniň baýlyklaryna, söz bazarynyň şirin şerbetleri bilen bezelen gözelliklerine ýokary baha berilmegi taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy.
Dädebaý Pälwanow, Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni