MEDENIÝET

Türkmen pälwany Döwletjan türk serialynda surata düşdi

Başa-baş söweş boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow türk serialynda surata düşdi. Bu barada türgeniň “Instagram” sahypasynda bellenilip geçilýär.

Türkmen türgeni Türkiýäniň “ATV” teleýaýlymynda ýaýlyma berilýän “Kuruluş Osman” serialynda keşp janlandyrýar. Ol bu serialdaky käbir kardlary özüniň “Instagram” sahypasynda ýerleşdiripdir.

Bu serial 2019-njy ýyldan bäri türk teleýaýlymda ýaýlyma berlip, onda Osman imperiýaysnyň esaslandyryjysynyň durmuşy janlandyrylýar.

Ýagşymyardowa bu serialdaky keşbinde düşen suratlaryny hem “Instagram” sahypasynda goýupdyr.

Mälim bolşy ýaly, ildeşimiz golaýda Döwletjan Ýagşymyradow şu ýylyň aprelinde “Bellator MMA” ýaryşynyň çäklerinde 3-nji tutluşygynda ýeňiş gazanypdy.

Döwletjan Ýagşymyradow professional karýerasynda 25 tutluşyk geçirdi we olaryň 19-sinde ýeňiş gazandy. Galyberse-de, 16 tutluşygynda wagtyndan öň garşydaşyny ýeňmegi başardy.

 

 

Döwletliler köşgünde düýpli abatlaýyş işlerini geçiriler

Ýene-de okaň

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

18-25-nji ýanwar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bathyz goraghanasynda ýene-de bir ene alajagaplaň ýüze çykaryldy

Türkmenistanyň döwlet kitaphanasyna pars dilindäki kitaplar sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

“Altyn Globus” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Las-Wegasda türkmen zenan el sumkasy dünýäniň iň meşhur sport ýyldyzlarynyň ýadygärlikleriniň arasynda ýerleşdirildi

Dr.Döwran Orazgylyjov