JEMGYÝET

Türkmen-pakistan parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Muhammad Sadik Sanjrani bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.

Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, iki döwletiň arasynda dürli ulgamlarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi köp babatda gadymy döwürlerden bäri dostlukly halklarymyzy birleşdirýän taryhy we medeni umumylyk bilen şertlendirilendir. Şoňa görä-de, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak häzirki wagtda öňde durýan örän möhüm wezipeleriň biridir diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Pakistan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şol bir wagtda ýurtlaryň ikisi-de sebitde amala aşyrylýan iri energetika hem-de kommunikasiýa taslamalaryna işjeň gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, şeýle-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň taslamasyny görkezmek bolar. Umumy pikire görä, bu uly möçberli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi tutuş sebitiň durmuş-ykdysady, düzümleýin ösüşine täze itergi berip, parahatçylygyň, durnuklylygyň baş şertini emele getirer.

Söhbetdeşligiň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygy ýakyn parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak hem-de berkitmek üçin uly mümkinçiligiň bardygyny belledi. Şunda Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek arkaly kanunçylyk ulgamynda tejribe alşylmagyna, parlamentarileriň yzygiderli duşuşyklarynyň, geňeşmeleriniň guralmagyna uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara hyzmatdaşlygyň döwletlerimiziň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň üstüni ýetirjekdigine pugta ynam bildirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär