BIZNES

Türkmen-pakistan gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynyň, Center of Pakistan and International Relations (COPAIR) analitik merkeziniň we “Pakistan in the world” habar beriş agentliginiň bilelikde guramagynda “Türkmenistan-Pakistan gatnaşyklary: bilelikde gelejege tarap” atly seminar geçirildi.

Seminaryň işine Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi A.Möwlamow, COPAIR-iň prezidenti hanym Amna Munawwar Awan, COPAIR-iň başlygy ilçi Halid Mehmud, “Pakistan in the world” žurnalynyň redaktory Tazin Ahtar, Bahriýa uniwersitetiniň, jemgyýetçilik guramalaryň, işewür-telekeçileriň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ilçihanasynyň we COPAIR-yň wekilleri Türkmenistanyň we Pakistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň taryhy, şol sanda, iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň amala aşyran saparlary bilen bagly giňişleýin tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdiler. Türkmen tarapy Hemişelik bitarap Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen daşary syýasy işi barada maglumat berdi.

Ýygnananlaryň ünsi ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi ugrunda alnyp barylýan çärelere hem çekildi. Seminara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurulýan Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi – Arkadag şäheriniň taslamasy bilen tanyşdyryldy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdylanda, Türkmenistan bilen Pakistany däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň birleşdirýändigi bellendi. Syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejede bolmagynyň özi bolsa, dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýär diýip, çykyş edenler nygtadylar. Ýangyç-energetika pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylyklda, «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň, şeýle hem «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan» ugry boýunça optiki-süýmli aragatnaşyk ugry we elektrik geçirijisi ýaly bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Maslahata gatnaşanlar Bitarap Türkmenistanyň oňyn daşary syýasatyna, onuň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekdäki ornuna ýokary baha berdiler. Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky söwda-ykdysady mümkinçiliklerini iki ýurduň işewürleriniň özara saparlaryny, duşuşuklaryny we sergilerini geçirmek arkaly giňeldilmeginiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy