BIZNES

Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň düýbi tutuldy

Ýurdumyzda saparda bolan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky «Daşkent» medeni dynç alyş seýilgähiniň açylyşynyň çäklerinde teleköpri arkaly Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň — Söwda merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, türkmen-özbek söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da giňeltmek maksady bilen, serhetýaka zolaklaryň — Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň Özbegistanyň Buhara hem-de Horezm welaýatlary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda serhetýaka Türkmen-özbek söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Ylalaşyga gol çekilendigini bellemek gerek.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýulynda goňşy Özbegistana amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada iki ýurduň Liderleriniň Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek boýunça işleriň çalt tamamlanmagynyň zerurdygyny bellemekleri şu gün serhetýaka söwda zolagynyň dabaraly ýagdaýda düýbüniň tutulmagyny şertlendirdi. Bu merkeziň işi özara söwdanyň möçberini artdyrmaga, senagat kooperasiýasyny ösdürmäge hem-de bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Ýeri gelende bellesek, Özbegistan Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir.  Soňky bäş ýylda özara söwda dolanyşygynyň möçberi 5 essä golaý ýokarlanyp, geçen ýylda bu görkeziji 902 million amerikan dollaryna barabar boldy. Özbegistanyň resmi gulluklary türkmen-özbek söwda dolanyşygynyň şu ýylyň dokuz aýynda 570 million amerikan dollaryna golaýlandygyny habar berýärler. Häzirki wagtda Özbegistanda türkmen maýa goýumynyň gatnaşmagynda döredilen kärhanalaryň 173-si hereket edýär.

Ýene-de okaň

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy