BIZNES

Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň 3-nji mejlisi geçirildi

2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň 3-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, türkmen-özbek işewürler geňeşiniň türkmen tarapynyň başlygy M. Gurdow giriş sözi bilen çykyş edip, Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň 3-nji mejlisiniň işiniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň 3-nji mejlisiniň gün tertibine Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň söwda-ykdysady mümkinçilikleri, Türkmen-özbek serhetara söwda zolagynyň häzirki wagtdaky ýagdaýy, senagat, ulag we logistika ugrunda işjeňligi has-da giňeltmek meseleleri girizildi.

Şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň milli sergisini Türkmenistanda guramagyň we Türkmenistanyň milli sergisini Özbegistan Respublikasynda geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň 3-nji mejlisiniň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Jamşed Urakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň we agzalarynyň duşuşygy geçirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder