Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyz serhetleşýän goňşy döwletlerimiziň biri bolan Özbegistan Respublikasy bilen dost – doganlyk gatnaşyklary ýokary depginde ösdürilýär we oňyn netijeler gazanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürilýär. Munda iki doganlyk hem-de goňşy ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda emele gelen ikitaraplaýyn tagallalara we şahsy ynanyşmak gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir.
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda nota alyşmak esasynda ýola goýuldy. Şol ýyldan bäri hem Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Iki döwletiň arasynda geçirilýän yzygiderli duşuşyklar, ýokary derejäki gepleşikler, maslahatlar oňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, iki doganlyk halkyň taryhy gatnaşyklaryna hem-de ruhy-medeni gymmatlyklarynyň umumylygyna daýanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygy hemişe dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýete eýedir. Häzirki wagtda asyrlaryň dowamynda ýola goýlan bu hoşniýetli däpler mynasyp dowam etdirilip, mazmun taýdan baýlaşdyrylýar.
Ikitaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, Türkmenistan we Özbegistan köptaraplaýyn esasda hem, BMG-niň we beýleki abraýly halkara, sebitleýin guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyk edip, birek-birege özara goldaw berýärler. Ýokary, Hökümet we pudaklaýyn derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, onuň köptaraplaýyn mümkinçilikleriniň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda, degişli düzümler tarapyndan bu ugurda talabalaýyk işler geçirilýär. Serhetýaka söwda zolagynyň işini halkara we sebit lomaý-bölek söwdasynyň häzirki zaman iş tejribesini hasaba alyp ýola goýmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan Özbegistany iň ýakyn goňşy, serhetdeş döwlet, strategik hyzmatdaş hem ygtybarly dost hasaplaýar. Türkmen we özbek halklaryny diňe bir geografik taýdan ýakynlyk däl, eýsem, taryhy umumylyklar, köpasyrlyk ruhy-medeni däplerdir hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Gadymdan gelýän şol gadyrly gatnaşyklaryň döwletleriň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk derejesinde ösdürilmegi bu günki gün ygtybarly binýady emele getirmek bilen, uzak geljek üçin bilelikdäki anyk hereketleri kesgitlemekde daýanç nokady bolup hyzmat edýär.
Özbegistan Respublikasynyň Ürgenç şäherinde türkmen-özbek dostluk öýüniň açylmagy döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolan medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm wakadyr. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki «Daşkent» seýilgähiniň we Daşkentdäki «Aşgabat» seýilgähiniň özbek-türkmen dostlugynyň, hoşniýetli goňşuçylygynyň aýdyň nyşany bolmak bilen, gatnaşyklary berkleşdirýär.
Kunduz Saidmuradowa,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.