BILIM

Türkmen mekdep okuwçylary Gazagystanda 16 medala eýe boldular

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bilim özgertmeleriniň möhüm talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde okuwçylaryň tebigy zehinlerini ösdürmek we olary ylym-bilime höweslendirmek ugrunda toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda döredilýän giň mümkinçilikler ýaşlarymyzyň halkara ders bäsleşiklerinde uly sebitleri eýelemeklerine ýol açýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde, 2026-njy ýylyň 10-14-nji ýanwary aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen XXII Halkara Žautykow olimpiadasynda gazanylan şöhratly ýeňşi görkezmek bolar.

Gazagystan Respublikasynyň Magaryf ministrliginiň “Daryn” ylmy-amaly merkezi tarapyndan guralan bu abraýly bäsleşige dünýäniň 16 döwletinden 600-den gowrak zehinli okuwçy gatnaşdy. Matematika, fizika we informatika dersleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýurdumyza wekilçilik eden 28 sany saýlama okuwçy ýokary taýýarlykly çykyş edip, jemi 16 medala eýe boldular.

Matematika dersi boýunça Aşgabat şäheriniň 86-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow altyn medala mynasyp bolup, ýurdumyzyň baýdagyny belende göterdi. Şeýle hem Mälikşa Meýlismyradow (86-njy mekdep), Myrat Ruslanow (97-nji mekdep) we Selim Hommatdurdyýew (135-nji mekdep) dagylar kümüş medallary eýelediler. Şol ders boýunça Seýitgeldi Hojamuhammedow (83-nji mekdep), Sanjar Hojanyýazow we Söýünmuhammet Geldimämmedow (49-njy mekdep), Begli Işanmyradow we Kümüş Nobatowa (86-njy mekdep) hem-de Daşoguz şäherinden Begenç Gummanow (26-njy mekdep) bürünç medallara eýe boldular.

Fizika we informatika derslerinde hem ýaşlarymyz uly üstünlikleri dowam etdirdiler. Fizika boýunça Mary welaýatynyň Şatlyk şäherinden Döwlet Annamyradow kümüş medala, Nurgeldi Annagurdow (79-njy mekdep) we Aýsenem Kakamyradowa (Mary ş. 10-njy mekdep) bürünç medallara mynasyp boldular. Informatika dersi boýunça bolsa Hojamuhammet Hydyrow we Yhlas Annamyradow (86-njy mekdep) hem-de Kasym Köçekow (135-nji mekdep) bürünç medallary eýelemegi başardylar.

Mekdep okuwçylarynyň bu abraýly halkara bäsleşiginde gazanan 1 altyn, 4 kümüş we 11 bürünç medaly hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky yzygiderli aladalarynyň netijesidir. Bu ajaýyp üstünlikler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ─ bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanylan ilkinji ýeňiş bolup, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä derejesindäki abraýyny has-da berkitdi.

Ýene-de okaň

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanlylara Ýewropa ýurtlarynda magistr maksatnamasy üçin okamak mümkinçiligi