DÜNÝÄ

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 14-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şuminiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri hökmünde iň ýokary syýasy derejedäki yzygiderli dialogyň ähmiýeti nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde geçirilmegi meýilleşdirilýän saparlara we duşuşyklara taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy