3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmak üçin Türkiýede bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türk işewürleri — «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk hem-de «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşyklary geçirdi.
Duşuşyklarda agzalan kompaniýalaryň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine goşýan uly goşandy bellenildi.
«Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen geçirilen duşuşykda Milli Liderimiz türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, ýurtlarymyzyň özara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklary öz içine alýandygyny nygtady.
Şunda «Çalyk Holding» kompaniýasy tarapyndan gurlan hem-de iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş, önümçilik, energetika desgalarynyň Türkmenistan üçin uly ähmiýete eýedigine üns çekildi. Hazar deňziniň kenarýakasynda guruljak, kuwwaty 1574 megawat bolan utgaşykly görnüşdäki elektrik stansiýasy bolsa türkmen elektrik energiýasynyň goňşy döwletlere eksportyny artdyrmaga, doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ugurlara ibermäge mümkinçilik berer. Işewür bildirilýän ynam üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri infrastruktura taslamalaryna gatnaşmagyň türk holdingi üçin uly hormatdygyny nygtady.
Erman Ylyjak bilen geçirilen duşuşykda bolsa «Rönesans Holding» kompaniýasynyň köp wagtdan bäri türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigi, şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlaryndaky ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigi we munuň üçin bar bolan mümkinçiliklerini hem-de tejribesini ulanmaga taýýardygy tassyklanyldy.
