JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze howa menziliniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy

Balkan welaýatynda iş saparynda bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinden dikuçarda Balkanabat şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýän ýerine baryp, alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň gurluş aýratynlyklary, onda ulanylýan serişdeleriň berkligi, uzak möhletleýinligi bilen gyzyklandy. Uçuş-gonuş zolagy şu talaplara, bu ugra degişli ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede gurlupdyr.

Şol pursatda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynda uçaryň synag gonuşy amala aşyryldy. Munuň özi özboluşly synag gonuşy bolmak bilen, menziliň uçuş-gonuş zolaklarynyň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigini aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Milli Liderimiz täze howa menziliniň çäklerinde bar bolan ugurdaş desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, olaryň ýerleşiş aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Desgalaryň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagy onuň ähli düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyz soňky ýyllarda ýurdumyzyň içerki howa gatnawlarynyň yzygiderli artýandygyny belläp, täze howa menziliniň “Mollagara” şypahanasyna dynç almaga we saglygyny berkitmäge gelýän watandaşlarymyz üçin ýokary derejeli amatlyklary üpjün etjekdigine ünsi çekdi. Halkara howa menziliniň Jebel şäherçesinde ýerleşmegi bu ýere geljek adamlaryň howa menzilinden seleňläp görünýän şypahana wagt ýitirmän baryp bilmekleri üçin aýratyn ähmiýete eýe bolar.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy howa menziliniň çäginde bar bolan binalar toplumlary, olaryň enjamlaşdyrylyş aýratynlyklary, mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburow täze howa menziliniň gurluşygyny, degişli binalaryň aýratynlyklaryny öz içine alýan taslamalar barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde uçuş-gonuş zolagyndan başga-da, birikdiriji öwrüm ýollary, uçar duralgalarynyň meýdançalary, ýolagçy terminallary, dolandyryş diňi, howa menziliniň barlag-geçiriş bölümleri, halas ediş we ýangyna garşy göreş binalary, tehniki desgalar, suw rezerwuarlary, yşyklandyryş, habar beriş ulgamynyň bökdençsiz işini üpjün etmäge niýetlenen desga, radiotehniki ulgamlaryň bekedi, ýük meýdançasy we terminaly ýaly birnäçe ugurdaş desgalar hereket eder.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Balkanabat Halkara howa menziliniň gurluşygynyň depginini has-da ýokarlandyrmak, binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak, täze toplumda hyzmatlaryň ýokary derejesini hödürlemek boýunça kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Hytaý tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi

“Makul habar” elektron gazeti (33-sany)

Ata Watan Eserleri

Awazada taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: energetika we ulag hyzmatdaşlygy ösdüriler

Özbegistanyň Prezidentine köşekli arwana düýe sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Awazadaky taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: resminamalar toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Prezidentine ahalteke bedewini sowgat berildi

Ata Watan Eserleri