JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanyň Hökümetiniň Başlygy bilen duşuşdy

Mary welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň «Islim-Çeşme» serhet nokadyna geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Birnäçe wagtdan bu ýere dikuçarda Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahund geldi. Asylly däbe görä, owgan myhmanyna duz-çörek hödür edildi.

Soňra «Islim-Çeşme» serhet nokadynda gurnalan mejlisler zalynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahundyň duşuşygy boldy.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahund täze infrastruktura desgalarynyň açylyşy we gurluşygynyň badalga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdylar.

  • Serhetabat-Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metr demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy,
  • Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy bekediniň düýbüni tutmak,
  • «Türkmenistan- Owganystan-Pakistan-Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň Ak ýoly bilen «Serhetabat-Hyrat» gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga bermek,
  • Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga bermek,
  • Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň hem-de Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy-Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek,
  • şeýle hem «Türkmenistan- Owganystan-Pakistan» elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary şu günki wakalaryň hatarynda boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Türkmenistan-Germaniýa gatnaşyklary: sanlar we maglumatlar

«Kudo Kudo» türk fastfud restorany: Aşgabatda täze şahamçasyny açdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkmenistanda Germaniýa hödürläp boljak teklipler bar

Türkmenistanyň Prezidenti german işewürleriniň bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Liderleri we Germaniýanyň Kansleriniň bilelikdäki beýanaty