JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Masud Pezeşkiany halkara Liderler forumyna çagyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Telefon söhbetdeşliginiň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri Masud Pezeşkiany hormatly Prezidentimiziň adyndan, hut öz adyndan hem-de Türkmenistanyň halkynyň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň milli güni – Ynkylap güni bilen gutlady.

Şu ýyl Türkmenistan üçin şanly wakalara beslenýär. Bellenişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda kararnama kabul etdi.

2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy  şu ýylyň dowamynda geçiriljek iň esasy çäreleriň biri bolar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri forumyň geçirilýän günlerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň belleniljekdigini aýdyp, Prezident Masud Pezeşkiany halkara Liderler forumyna we baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy hem-de dostlukly ýurduň Prezidentiniň gatnaşmagy bu çärelere üstünlikli geçirmäge uly goşant boljakdygyny nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýakyn wagtda resmi çakylyk hatynyň iberiljekdigini aýtdy.

 

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri