Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky “Garagum” myhmanhanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi.
Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Wengriýanyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisde çykyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri iri energiýa öndürijileriň biri bolan Türkmenistanyň doganlyk döwletlere energiýa serişdelerini ibermäge hem-de olaryň möçberlerini artdyrmaga hemişe taýýardygyny belledi.
Türkmenistan dünýä energetika bazarlarynyň umumy durnuksyz şertlerinde hyzmatdaşlyk etmegiň netijeli, ygtybarly, öz-özüňi üpjün edýän nusgasyny döretmek zerur diýip hasaplaýar. Bu bolsa, biziň ýurtlarymyzyň artýan energetika isleglerini üpjün eder.
Iri energiýa öndürijileriň biri bolan Türkmenistan doganlyk döwletlere energiýa serişdelerini ibermäge, olaryň möçberlerini artdyrmaga taýýardyr. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz Özbegistana we Gyrgyzystana elektrik energiýasyny iberýär.
Bu döwletleriň özleriniň gatnaşmagynda türkmen tebigy gazyny gündogar ugra ibermek boýunça iri taslamalary amala aşyrmagyň meýilnamalary hem bar.
Şeýle hem, biziň türkmen tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Gazagystana, Azerbaýjana we Türkiýä ibermek üçin gowy mümkinçiliklerimiz bar. Energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde doganlyk döwletlere mundan beýläk-de kömek bermäge biz taýýardyrys – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
