Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyza we Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäginde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk toplumyna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi we Gahryman Arkadagymyzdan bu ugurda öz maslahatlaryny bermegini haýyş etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda paýtagtymyzda gurulýan lukmançylyk edaralarynyň gurluşyklary we gurulmagy meýilleşdirilýän saglyk merkezleriniň taýýarlanylan taslamalary barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer lukman Arkadagymyzdan ýurdumyzyň saglyk merkezleriniň işini kämilleşdirmek, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň taslamalary, okuw-ylmy merkezlerde tejribeli lukmanlary taýýarlamak, bu ugry ösdürmek babatda işlenip taýýarlanylan meýilnamalar barada degerli maslahatlaryny bermegini haýyş etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň çäginde Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň gurulmagynyň we toplumyň ýanynda lukmançylyk boýunça bilim berýän mugallymlar, aýratyn-da, ýaş mugallymlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň, talyplar üçin bolsa umumy ýaşaýyş jaýynyň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, wise-premýer B.Annamämmedowa bu babatda hormatly Prezidentimize ýüzlenmegi maslahat berdi. Bu lukmançylyk edaralarynyň bir ýerde ýerleşmegi ýaşlaryň hünär taýdan kämilleşmegine, olaryň lukmançylyk ylmynyň tärlerini we usullaryny özleşdirmeklerine, amaly taýdan tejribe toplamaklaryna oňyn täsirini ýetirer.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dikuçarda Arkadag şäherine tarap ugur aldy. Uçuşyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň çäklerinde bar bolan we täze gurulýan saglyk merkezleriniň ýagdaýy, olaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Şunda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň 70 göterimden gowragynyň durmuş maksatly desgalardan ybaratdygyny bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagy ugrunda edilýän aladalaryň aýdyň netijesidir.
Guşuçar belentlikden Arkadag şäheriniň keşbi has-da gözel görünýär. Milli Liderimiziň dikuçary täze şäheriň ýokarsyndan öwrüm edip, paýtagtymyza tarap ugur aldy.
Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň günorta künjeginde häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän we ýokary derejede enjamlaşdyrylan saglyk merkezleriniň toplumyny synlady. Bu künjekde ýokary halkara görkezijilere kybap gelýän saglygy goraýyş edaralary ýerleşip, olarda halkymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürlenilýär. Saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň döwrüň talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagynyň, gurluşyklarda, durky täzelenilýän desgalarda ýerine ýetirilýän işleriň häzirki zaman görkezijilerine laýyk gelmeginiň möhüm talapdygyny belläp, Milli Liderimiziň bu işleriň şähergurluşyk maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde gurluşykda ulanylýan bezeg serişdeleri berklik, oňaýlylyk babatda ösen talaplara doly laýyk gelmelidir. Şeýle hem lukmanlar üçin oňaýly iş we durmuş şertleriniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir.
Halk Maslahatynyň Başlygynyň dikuçary Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň ýokarsyndan öwrüm etdi. Lukman Arkadagymyz bu lukmançylyk edaralarynyň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly meselelere taýýarlyk görmek babatda degişli maslahatlaryny berdi.