JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gudratynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen we ähli amatlyklary özünde jemleýän Arkadag şäherine geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderine täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary görkezildi. Mundan başga-da, Milli Liderimiz täze şäherde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalarda oturdylmaly şekiller barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan taslamalar hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilýän şekil taslamalary we desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy hem-de degişli düzedişlerini girizdi.

Hormatly Arkadagymyzyň esasyny goýan täze şäheriň medeni-dynç alyş merkeziniň taslamasy taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde toý dabaralary geçirmäge niýetlenen döwrebap restoran, myhmanhana, işewürlik merkezi we dürli sport meýdançalary ýerleşdiriler. Şeýle hem merkeziň çäklerinde guruljak desgalar türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden şäherleriniň, şol sanda Gadymy Nusaý galasynyň, Paryzdepe ýadygärliginiň binalary ýaly özboluşlylyk beýanyny tapmalydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde bina edilen we ýokary derejeli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny belledi. Aýratyn-da, Halkara zenanlar güni ýokary derejede giňden geçirilmelidir, köp çagaly maşgalalara ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda kottejleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşurylmalydyr.

Ýene-de okaň

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

EKSPO-2025: Türkmenistanyň pawilýony 2 milliondan gowrak myhmany kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Stanfordly türkmen alym: “Makul Sözlük” – nesiller bilen diaspora arasynda gurlan täsin bir köprüdir

Antoniu Guterriş Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri