Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede amala aşyrylýandygynyň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gökdepe şaýolunyň ugrunda gurlan döwrebap köpriniň ýanyna geldi. Ýurdumyzda ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna, olaryň oňaýlylyk we uzak möhletleýinlik derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hünärmenleriniň intellektual eýeçiligiň esasynda bu ýerleriň seýsmiki ýagdaýyny ylmy esasda öwrenendiklerini aýtdy.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde görkezilýän şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan şekil taslamalary we olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada maglumat berdiler.
D.Orazow şu ýylyň 12-nji martynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümlerini öndürmäge niýetlenen kärhananyň açylandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyza Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň önümlerini ilkinji gezek Arkadag şäheriniň gurluşygynda ulanmak baradaky teklibi beýan etdi.
Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň gurluşyklarynda ýurdumyzyň kärhanalarynyň önümleriniň we serişdeleriniň ulanylýandygyna hem-de daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli döredilýändigine ünsi çekip, şunda Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň önümlerini yzygiderli ulanmak barada karara gelendigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine gelip, bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Gökdepe şaýolunyň ugrunda bina edilen köpzolakly awtomobil köprüsiniň sähetli gün açylmagyna ak pata berendigi üçin täze şäheriň ähli ilatynyň adyndan Milli Liderimize hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol häzirki döwürde Arkadag şäherinde ýol-ulag düzümine degişli desganyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk we beýleki ugurlar boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Häkim Arkadag şäheriniň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň guramaçylyk derejesi, açylyş dabarasynyň maksatnamasy hakynda aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäginde gurluşygy batly depginde dowam edýän desgalary, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň metjidini synlap, bu işleriň uzak geljegi nazarlaýandygyny, olaryň halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny görkezýändigini belledi.