JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Antalýa diplomatiýa forumynda çykyş etdi

Şu gün günüň ikinji ýarymynda «Nest» kongresler merkezinde üçünji Antalýa diplomatiýa forumynyň resmi açylyş dabarasy boldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Forumyň geçirilýän ýerine gelende, Gahryman Arkadagymyzy Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan garşylady.

Üçünji Antalýa diplomatiýa forumynyň resmi açylyş dabarasynyň başynda oňa gatnaşyjylar forumyň taryhyna bagyşlanan gysga göwrümli wideofilme tomaşa etdiler. Soňra dabarada Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidanyň hem-de Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çykyşlaryna orun berildi.

Ýeri gelende bellesek, Türkiýede geçirilýän Antalýa diplomatiýa forumy (ADF) halkara diplomatiýa boýunça 2021-nji ýyldan bäri guralýan iri maslahatdyr. Adatça, sebit we dünýä ähmiýetli derwaýys meseleler gozgalýan forumyň işine syýasatşynaslar, diplomatlardyr alymlar çagyrylýar.

1 — 3-nji mart aralygynda geçirilýän nobatdaky maslahat bolsa 150-ä golaý döwletden 4500 töweregi wekili bir meýdança jemledi. Şolaryň hatarynda 20-ä golaý ýurtdan döwlet Baştutanlary, ministrleriň hem 100-e golaýy bar.

«Çökgünlikler döwründe diplomatiýany ileri tutmak» atly mowzukda geçirilýän forumda ählumumy wehimler we çökgünlikler, howanyň üýtgemegi, migrasiýa, dünýä söwdasyndaky dartgynly ýagdaýlar, emeli aň ýaly şu günüň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Onuň çäginde daşary ýurtly myhmanlar dürli ugurlar boýunça çekişmeleriň 50-den gowragyna gatnaşyp, döwrüň ýiti meseleleriniň deňeçer çözgütlerini tapmak babatda pikir-garaýyşlaryny paýlaşmaga mümkinçilik alarlar.

Ýene-de okaň

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

«Jahan» döredijilik merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrylar

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri