DÜNÝÄ

Türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň habar beriş we kommunikasiýa ugrunyň mümkinçiliklerine seredildi

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary A.Kakaýew bilen “Europa 24” media-holding teleýaýlymynyň esaslandyryjysy, Baş direktory W.Medzmariaşwiliniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar telekommunikasiýa we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seretdiler. W.Medzmariaşwili söhbetdeşi A.Kakaýewe kompaniýanyň alyp barýan işleri barada aýtdy. Şeýle hem ol hyzmatdaşlygyň taslamasy, ýagny Türkmenistanda geçirilýän möhüm çäreleri giňden ýaýbaňlandyrmak, şol bir wagtda bütin dünýädäki we sebitdäki ähmiýeti barada halkara köpçüligine ýetirmek, wideoşekilleri taýýarlamak, iki ýurduň arasynda teleköprüleri we bilelikdäki gepleşikleri guramak meseleleri bilen ýakyndan tanyşdyrdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC-3) hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara forumy ýaly dünýä ähmiýetli çäreleri ýaýbaňlandyrmaklygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar habar beriş we kommunikasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösmeginiň özara düşünişmekligiň çuňlaşmagyna, medeni gatnaşyklaryň berkemegine hem-de Türkmenistanyň ýeten belent sepgitlerini halkara arenasynda giňden ýaýratmaga itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy