DÜNÝÄ

Türkmen-eýran bilelikdäki ýöriteleşdirilen moda we lybas sergisi geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň öňüsyrasynda düýn paýtagtymyz Aşgabatda türkmen-eýran bilelikdäki ýöriteleşdirilen moda we lybas sergisi açyldy.

Bu çärä Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasy bilen Türkmenistanyň Dokma senagaty bilelikde Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda gurnalýar. Oňa ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, talyplar, moda hem-de lybas işi bilen meşgullanýanlar gatnaşdy.

Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasatynda Eýran Yslam Respublikasy bilen ýola goýlan hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistanda we Eýran Yslam Respublikasynda geçirilýän halkara çärelere medeniýet we sungat işgärleri işjeň gatnaşýarlar, özara tejribe alyşýarlar.

Iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklara täze itergi berjek moda we lybas sergisinde çykyş eden Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Nawid Rasuli moda we lybas sergisiniň ähmiýetini belledi.

Eýranly sungat ussadynyň gatnaşmagynda geçirilýän hünär ussatlyk sapagy bilen bilelikde, bu sergide iki ýurduň dokma senagatyna degişli kärhanalar we meşhur brendler öz ýokary hilli önümlerini hödürleýärler.

Bu sergä goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň zenan egin-eşik önümçiliginde iş alyp barýan kompaniýlary “Hima”, “Noura”, “Diari”, “Noral”, “Peransa”, “Unico” we “Arghavan” ýaly brendleri bilen gatnaşýarlar.

 

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri