DÜNÝÄ

Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşmalar geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli geňeşiniň agzasy, «Hidaýah» zorlukly ekstremizme garşy Halkara merkeziniň direktorlar geňeşiniň başlygy Ali Raşid Al-Nuaýminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şeýle hem köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar we seljerdiler. Wajyp sebit we halkara gün tertibi boýunça pikir alyşyldy.

Türkmen tarapy Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli we netijeli ösýändigini nygtady hem-de muňa iň ýokary we ýokary derejelerdäki syýasy dialogyň ýardam edýändigini belledi.

Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygy barada umumy pikiri beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda döredilen Parlamentara dostluk toparyna berilýän möhüm orun barada nygtaldy.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigi bellenildi, energetika, ulag-logistika, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerinde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň 30-njy noýabry-12-nji dekabry aralygynda Dubaýda BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplaryň 28-nji mejlisiniň (COP 28) üstünlikli geçirilmegi arzuw edildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri