JEMGYÝET

Türkmen emini Olimpiýa oýunlarynda

Pariž şäherinde geçirilýän tomusky Olimpiadanyň maksatnamasyna girýän agyr atletika ýaryşlary başlady. Şol ýaryşlara eminlik etmek üçin saýlanyp-seçilip alnan hünärmenleriň arasynda Türkmenistanyň agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi, halkara derejeli emin Çarygeldi Mämmedowyň hem bardygyny aýtmak ýakymlydyr. Bu barada Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanly halkara derejeli emin Çarygeldi Mämmedow 2024-nji ýylyň 7-nji awgustynda 49 kilograma çenli agramdaky gyzlaryň ýaryşyna eminlik etmek bilen bassyr ikinji gezek tomusky Olimpiada gatnaşan ilkinji türkmen hünärmeni bolar.

2024-nji ýylyň 8-nji awgustynda 73 kilograma çenli agramdaky oglanlaryň bäsleşigine badalga berler. 2024-nji ýylyň 10-njy awgustynda bolsa 81 kilograma çenli agramdaky gyzlaryň bäsleşigine eminlik etjek hünärmenleriň hatarynda ildeşimiz Çarygeldi Mämmedowyň boljakdygyny ýatladýarys.

Tomusky olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türkmen eminine üstünlik arzuw edýäris.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýa sapary: hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi

Hyzmatdaşlygyň täze formaty: “Merkezi Aziýa-Beýik Britaniýa” daşary işler ministrleriniň ilkinji duşuşygy

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisi 22-nji maýda Türkmenistanda geçiriler

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa sapary: hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekildi