MEDENIÝET

Türkmen edebiýaty ýene bir wekilini ýitirdi

21-nji fewralda türkmen edebiýatynyň görnükli wekillerinden biri Türkmenistanyň halk ýazyjysy Sona Ýazowa 82 ýaşynda dünýäden ötdi.

Şahyr 1941-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Kemine obasynda dogulýar. Çagalykdan bäri çeper döredijilik bilen meşgullanyp gelýän ýazyjy metbugatda dürli makalalar, goşgular, hekaýalar bilen çykyş edip gelýärdi.

Sona Ýazowa 1966-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini türkmen dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlaýar. Ol 1966 — 1968-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, 1968 — 1977-nji ýyllarda «Ýaş kommunist» gazetiniň bölüm müdiri, 1977 — 2004-nji ýyllarda «Garagum» žurnalynyň bölüm müdiri, 2004-2005-nji ýyllarda Türkmen telewideniýesiniň baş müdirliginiň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň syýasat bölümçesiniň režissýory, ses režissýory, 2006 — 2011-nji ýyllarda Türkmen telewideniýesiniň baş müdirliginiň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň studiýa we dubliýaž bölüminiň redaktory, 2011-2012-nji ýyllarda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň studiýa we dubliýaž bölüminiň redaktory, 2012 — 2017-nji ýyllarda bolsa şol bölümiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy wezipelerinde işledi.

Şahyr 2017-nji ýylda hormatly dynç alşa çykyp, ömrüniň ahyryna çenli erkin döredijilik bilen meşgullandy.

Sona Ýazowa müňlerçe goşgynyň, makalanyň awtorydyr. Halypa şahyr dürli ýyllarda geçirilen halkara medeni çärelere, şeýle hem ýurdumyzda guralýan medeni çärelere, şygryýet agşamlaryna, döredijilik duşuşyklaryna gatnaşyp, yzygiderli çykyş edýärdi.

Şahyr Sona Ýazowa 1994-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», 2014-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» hormatly atlary berildi, 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2008-nji ýylda «Galkynyş» ordeni, 2009-njy ýylda «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni, 2011-nji ýylda «Gaýrat» medaly, 2014-nji ýylda «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglandy. 2007, 2009-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň döredijilik toparynyň adyndan Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr, žurnalist Sona Ýazowa iman baýlygyny, ýatan ýeriniň jennet bolmagyny arzuw edýäris.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy