BIZNES

Türkmen dokma önümlerini ýapon bazaryna çykarmak maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 30-njy awgusty-3-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň Osaka we Tokio şäherlerine iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň söwda we dokma senagaty pudagynda işleýän guramalary we kompaniýalary bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.

Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, «ITOCHU» korporasiýasynyň Direktorlar geňeşiniň agzasy, Ýerine ýetiriji wise-prezidenti, Maşynlary we enjamlary öndürmek boýunça kompaniýasynyň prezidenti H.Tsubaý bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle-de N.Agahanow Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň (JETRO) prezidenti N.Işiguro bilen hem duşuşdy.

Osaka şäherinde, «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň pawilýonynda türkmen wekiliýeti bilen Ýaponiýanyň «EKSPO-2025» assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary M.Içinokiniň duşuşygy geçirildi. Şeýle-de türkmen wekiliýeti «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisindäki Saud Arabystany Patyşalygynyň milli pawilýonynyň komissary, Katar döwletiniň milli pawilýonynyň direktory hem-de «Masui Co. Ltd» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Agzalan duşuşyklaryň çäklerinde taraplar ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistandaky mümkinçiliklerini, eksport-import gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerini hem-de türkmen dokma önümlerini ýapon bazaryna çykarmak boýunça başlangyçlary öňe sürmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi