SIZDEN GELENLER

Türkmen diplomatiýasynyň buýsançly güni

Her ýyl ýurdumyzda 18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenilýär.  Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen diplomatlaryna dünýäniň dürli ýurtlarynda ata Watanymyza mynasyp wekilçilik etmek, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmek, şol bir wagtda öz bolýan ýurtlary bilen Türkmenistan döwletimiz arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak babatda ähli mümkinçilikler döredilýär.

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni — sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga goşant goşýan türkmen diplomatlarynyň hünär baýramçylygy. Türkmenistanyň diplomatiýasy ýurduň daşary syýasatyny amala aşyryp, milli bähbitlerini goraýar, döwletiň durnukly ösüşini üpjün edýär hem-de tutuş dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy gazanmaga ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyna daýanýan, daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýän binýatlyk ýörelgelerden ugur alýar. Bu ýörelgeler ýurdumyzyň uzak möhletli milli bähbitlerini goramakdan, döwletimiziň dünýä bileleşigine has ysnyşykly goşulmagyny üpjün etmekden, ählumumy derejede ähmiýetli meseleleriň çözülmegine ýardam bermekden hem-de durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga goşant goşmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan milli, sebit we dünýä derejesinde parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe ýardam berýän möhüm halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda uly tagalla edýär.

Ine, hormatly Prezidentimiziň kesgitlän ýörelgelerinden ugur alan türkmen diplomatlary ýurdumyzyň parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe daşary syýasat ugruny mynasyp dowam etdirýärler.

Hormatly Prezidentimiziň ündewlerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de ýurdumyza wekilçilik edýän türkmen diplomatlary dürli döwletler, köptaraplaýyn birleşikler bilen giň gerimli ugurlar boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen işleri alyp barýar.

Häzirki wagtda halkara birleşikler bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösýär, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gerimi giňeýär. Bu gün ýurdumyz köp sanly halkara guramalarda mynasyp wekilçiligi alyp barýar, dünýäniň köp sanly döwletinde ilçihanalarymyz, konsullyklarymyz we wekilhanalarymyz açyldy we olar öz wezipelerini ýerine ýetirýärler.

Ýurdumyzyň daşary syýasat ýörelgesini mundan beýläk-de amala aşyrmak, hormatly Prezidentimiziň döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň diplomatik gullugy degişli toplumlaýyn işleri durmuşa geçirýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň, konsullyklarynyň hem-de halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň diplomatik işgärleri we olaryň maşgala agzalary üçin durmuş ýeňilliklerini göz öňünde tutýan resminamalary yzygiderli kabul edip, türkmen diplomatlarynyň öz jogapkärli işlerini ýerine ýetirmägine giň mümkinçilikler döredip berýär.

Ýurdumyz daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze binalary gurulýar. Türkmen diplomatlary döwlet sylaglaryna mynasyp bolýarlar. Munuň özi diplomatlary has netijeli işlemäge ruhlandyrýar.

Gülnur Hojaýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty