TEHNOLOGIÝA

Türkmen dilinde ilkinji onlaýn krossword :Atavatan Krossword

Ählimize 24 sagat deň  berilýär. Esasy zat, şu berlen 24 sagady nädip peýdaly we şol bir wagtda gyzykly ulanmagymyz bilen baglydyr. Bu habaryň özeni, wagty netijeli ulanmagyň peýdasy  barada paýhasly sözleri we täsirli pikirleri öňe sürmek däl-de, şol berlen 24 sagadyň içinde özüňize wagt aýryp, günüň dowamyndaky ýüzlerçe minudyň 20 minudyny netijeli ulanmak barada anyk teklip bilen Sizi tanyşdyrmak: Tanyş boluň – “Atavatan Krossword!”, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty tarapyndan  Intellektual telekeçilik nukdaýnazaryndan durmuşa geçirilen nobatdaky taslamamyz  Siziň göwnüňize ýarar diýip umyt edýäris.

Türkmenistan baradaky gündelik habarlary,  şeýle hem ykdysadyýet, tehnologiýa, sport, medeniýet we beýleki ulgamlara degişli dünýä habarlary gyzgyny bilen giň okyjylar köpçüligine ýetirip duran “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty okyjylarymyzyň  wagtyny has  gyzykly we peýdaly geçirmegine goşant goşmak üçin özüniň täze hyzmatyny – “Atavatan Krosswordy” hödürleýär. Siz biziň saýtymyza girip, her gün täzelenýän we ene dilimizdäki 15 soragy özünde jemleýän krosswordymyzy çözüp, wagtyňyzy örän netijeli we gowy geçirip bilersiňiz, mähriban okyjylarymyz.

Soraglary Baýgeldi Çaryýew tarapyndan taýýarlanylan krossword sahypamyzy ýakyn günlerde has –da baýlaşdyrmagy maksat edinýäris. Şeýle-de gysga wagtda žurnalymyzyň Android ulgamynda işleýän applikasiýamyza hem krosswordlary ýerleşdireris.

Siz “Atavatan Krossword” sahypamyzy ulanmak üçin şu ýere basyp, öz maglumat baýlygyňyzy synap bilersiňiz! Wagtyňyzy gyzykly we peýdaly geçiriň we  her gün täzelenýän “Atavatan Krossword” sahypamyzdan peýdalanyň!

Ýadyňyzda bolsa, ýaňy-ýakynda žurnalymyz tarapyndan durmuşa geçirilen “Makul Sözlük” sahypamyzda hem krosswordly sözlük bölümi hereket edip başlady.   Türkmen we Iňlis dillerinde jemi 15000-den gowrak baş sözi özünde jemleýän “Makul Sözlük” (sözlügi ulanmak üçin şu ýere basyň) ulanyjylarynyň dil baýlygynyň ösmegine goşant goşmak maksady bilen, täze hyzmaty-krosswordly sözlügi taýýarladyk. “Makul Sözlügiň” ulanyjylary her gün irden täzelenýän we jemi 20 sany Türkmen dilindäki sözlerden ybarat bolan krosswordda şol sözleriň Iňlis dilinde terjimesini dogry we dürs ýazsa, krosswordy çözüp biler. Bu bolsa, her gün 20 sözüň öwrenilmegine ýardam berer. Eger, krosswordy çözýän pursatlaryňyzda, soralýan sözleriň haýsy-da bolsa biriniň Iňlis dilinde terjimesini bilmeseňiz, onda, şol sözüň üstüne basmak ýeterlik bolýar. Çünki “Makul Sözlük” dessine Size tapyp berýär.

 

Ýene-de okaň

Ilon Mask elektron poçta ulgamyny döreder

Ata Watan Eserleri

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler

Daşoguz şäherinde «Kamaz» okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy

Oksford sözlügi 2024-nji ýylyň sözüni yglan etdi

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy