DÜNÝÄ

Türkmen-belarus syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekilýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, belarus tarapyny bolsa, Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary I.Nazaruk ýolbaşçylyk etdiler.

Gün tertibiniň çäklerinde taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler. Wekilýetler iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligi nygtaldy.

Taraplar halkara guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada kanagatlanma bilen bellenildi.

Gepleşikleriniň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Belarusyň işewürler toparlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny artdyrmak barada gepleşdiler. Munuň çäklerinde, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belarus hökümetara toparynyň ähmiýeti bellenildi.

Taraplar medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Bilim, ylym, sport we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenildi.

Ýene-de okaň

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy