SIZDEN GELENLER

Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görülýär

Şan-şöhraty dünýä dolan eziz Diýarymyzda her bir günümiz toýdur baýramlara ulaşýar. Halkymyzyň buýsanjy hasaplanylýan ahalteke bedewleri ata Watanymyzda toýlarymyzyň bezegidir. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi we dürli bäsleşikleriň, at çapyşyklaryň geçirilmegi bedew atyň türkmeniň ruhy dünýäsindäki ornunyň ýokarydygyny aňladýar.

Üstümizdäki ýylda, ýagny, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramyny gojaman Hazar deňziniň kenaryny boýlap oturan Balkan welaýatynda giňden bellemek göz öňünde tutulýar. Golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Balkan welaýatynda geçiriljek dabaralara hemmetaraplaýyn esasda taýýarlyk görülmelidigini we meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, paýhasly pederlerimiziň yhlasy bilen kemala gelen ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratynyň belende galmagy, milli atşynaslyk däpleriniň ösdürilmegi ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işleriň ähmiýetlidigini belledi.

Hakykatdan hem, dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen türkmen bedewleri türkmen halky bilen bilelikde taryhyň gatynda uly orun tapdy. Türkmen bedewleriniň owadanlykda, çalasynlykda, duýgurlykda, ukyp- başarnyklarynda deňi-taýy bolmandyr. Türkmen ýigidi bedewine atlanyp, jeňe gideninde, onuň bedewi gerçegiň göwnüne laýyk hereket etmegi başarypdyr.

Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän bedewlerine gadyr goýmak däplerine eýermek bilen, ahalteke bedewleriniň, türkmen atşynaslarynyň we çapyksuwarlarynyň dünýädäki şöhratyny belende götermek babatda uly tagallalar edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew» atly kitaplaryny okanymyzda hem bu hakykata göz ýetirýäris. Bu ganatly kitaplarda halkymyzyň baýlygy, köňül buýsanjy we milli mirasy hökmünde uly ähmiýete eýe bolan bedewlerimiziň geçmişdäki şan-şöhraty, täze taryhy döwürde atçylyk pudagyny ösdürmek babatyndaky tagallalar, şeýle-de ahalte­ke atlarymyz hakda gyzykly maglumatlar beýan edilýär.

Şajan Kerimow,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

 

Süýt we süýt önümleriniň peýdalary

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika