BIZNESJEMGYÝET

Türkmen bazaryna daşary ýurt maýadarlary çekilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideomaslahat görnüşinde “ARETI” (Şweýsariýa) halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow, “King&Spalding” hukuk kompaniýasynyň baş direktory we hyzmatdaşy Endrýu Hruska, “Rizvi Traverse Management LLC” kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi, “Legacy” maliýe kompaniýasynyň baş direktory, “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň prezidentiniň geňeşçisi Ýewgeniý Frenkel bilen duşuşyk geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleri üçin işewürlere minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyz iri halkara işewür düzümleri we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge uly üns berýär.

HALKARA MAÝADARLAR KONSORSIUMY DÖREDILÝÄR

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu günki duşuşyk hem-de ara alnyp maslahatlaşylmaga çykarylan meseleler amala aşyrylýan strategiýanyň bölegidir. Milli Liderimiz Türkmenistanda taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmak üçin halkara maýadarlaryň konsorsiumynyň döredilmegi babatda gepleşikleriň başlanýandygyny goldap, işewürleriň ähli ugurlar boýunça tekliplerine garamaga taýýardygyny nygtady.

Soňra çykyş eden “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow duşuşygyň guralandygy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç sözlerini aýtdy.

Soňra “King&Spalding” hukuk kompaniýasynyň baş direktory we hyzmatdaşy Endrýu Hruska söz berildi. Işewür özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän halkara işewür düzüminiň dünýäde jogapkärli we ygtybarly işewür hyzmatdaş hökmünde özüni tanadan Türkmenistan bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin saýlanyp alynmagynyň uly hormatdygyny belledi.

Milli ykdysadyýetiň görkezijileriniň sazlaşykly ösmeginiň, ýurdumyzyň ägirt uly serişde kuwwatynyň beýleki döwletler hem-de iri abraýly holdingler tarapyndan özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam edýändigine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe anyk teklipler beýan edildi.

Milli Liderimiz teklipleri üçin jenap Endrýu Hruska minnetdarlyk bildirip, şol teklipleriň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýändigini nygtady hem-de türkmen tarapynyň hödürlenen taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň meseleleriniň üstünde konsorsium bilen işe girişmäge taýýardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz taslamanyň amala aşyrylmagyna ýardam bermek maksady bilen, baglanyşdyryjy halka we hyzmatdaş hökmünde “ARETI” kompaniýasyny teklip etdi. Bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk dürli taslamalarda 25 ýyldan gowrak wagt bäri amala aşyrylýar. Onuň energetika pudagyndaky tejribesi hem-de ýurdumyzda we daşary ýurtlardaky abraýy Türkmenistanyň taslamada döwletimiziň bildirýän berk talaplaryna we garaýyşlaryna laýyklykda wekilçilik etmegine ynam döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz taslamany işläp düzmek we şertnamalaýyn resminamalary taýýarlamak üçin degişli ýolbaşçylara düzümine ugurdaş döwlet edaralarynyň wekilleri girjek iş toparyny döretmegiň tabşyryljakdygyny belläp, nobatdaky duşuşykda bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleriň kesgitleniljekdigini aýtdy.

ŞWEÝSARIÝA TÜRKMEN BAZARYNA MAÝA GOÝAR

Onlaýn duşuşygynyň dowamynda “Rizvi Traverse Management LLC” kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanç sözlerini beýan etdi.

Suhail Rizwi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy özüneçekiji maýa goýum ýagdaýyny döretmek üçin zerur bolan hukuk binýadyny ornaşdyrmagyň öňdebaryjy tejribesi boýunça ýurtlara we halkara guramalaryna maslahat bermegiň köpýyllyk we üstünlikli tejribesine eýe bolan özüniň wekilçilik edýän kompaniýasynyň işi bilen tanşydyryp, Şweýsariýa tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ählumumy maliýe institutlaryň konsorsiumynyň Türkmenistanda durmuşa geçirýän taslamalara maýa goýmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Kompaniýanyň ägirt uly uglewodorod gorlaryny özleşdirmek üçin täze düzümleri döretmek barada türkmen tarapynyň garaýyşlaryny tassyklaýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti nygtaldy. Munuň özi onuň durnukly ösüşiniň esasy şerti bolup hyzmat edýär.

Döwlet Baştutanymyz beren maglumatlary üçin minnetdarlyk bildirip, ykdysadyýeti, maliýe we durmuş ulgamlaryny ösdürmekde peýdalanylyp bilinjek ýokary tehnologiýalar babatdaky ýokary hilli innowasion taslamalara ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Döwletiň degişli edaralaryna hödürlenen maglumatlary öwrenmek, taslamanyň her bir meselesini bilelikde ara alyp maslahatlaşmak we geçirilen işler boýunça netijenamany taýýarlamak tabşyrylar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň ara alnyp maslahatlaşylan taslamalara degişli meýillerini şu günki wideomaslahatyň teswirnamasynda bellige almagy teklip edip, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki bilelikdäki hereketleriniň nobatdaky duşuşygyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Soňra Igor Makarow öz çykyşynda ýolbaşçylyk edýän işewürlik düzüminiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna pul serişdelerini geçirmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy

Ýene-de okaň

Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň harytlaryň sergisi geçirmek meýilleşdirilýär

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Malaýziýa bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri