Türkmen halkynyň adyny älem-jahanda beýgeldip, dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýän şeýle gymmatlyklarymyzyň naýbaşylarynyň biri bolan alabaý itlerimiziň tohum arassalygyny saklamakda we olaryň sanyny artdyrmakda alnyp barylýan işler her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň döwetgalamyndan çykan «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp eseri okanymyzda, alabaý itlerine goýulýan sarpanyň nusgalykdygyna göz ýetirýäris. Eziz Arkadagymyz türkmen alabaýlaryna bagyşlap ýazan kitabynda diňe bir dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny hem açyp görkezýär. Pederlerimiziň öz itlerinde batyrlyk, gaýduwsyzlyk we wepalylyk ýaly häsiýetleri terbiýeläp ýetişdirmegi başaryp, alabaýlaryň ählihalk söýgüsine mynasyp bolmagyny üpjün edendikleri barada täsirli maglumatlary beýan edýär.
Hormatly Prezidentimiziň türkmen alabaýynyň dünýädäki şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde «Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda» Permana gol çekmegi bolsa, alabaý itlerimize goýulýan sarpanyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy.
Häzirki wagtda türkmen alabaýy dünýäde meşhur tohumlaryň biridir. Ýurdumyzyň seçgiçileriniň alyp barýan işleri hem-de alabaýyň arassa ganlylygyny saklamagyň netijesinde, ol biziň günlerimize çenli özüniň asyl keşbini saklap geldi. Türkmen alabaý itleri dünýäniň goragçy tohum itleriniň hatarynda öňdäki orny eýeleýär we hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, alabaýlaryň tapawutly aýratynlyklarynyň birini hem ýitirmezligi üçin olary diňe hünär derejesinde köpeltmek zerurdyr.
Bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga ähmiýetli orun berilýär. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNESKO we beýleki iri guramalar, şol sanda daşary ýurtlaryň assosiasiýalary, şeýle hem dünýäniň dürli döwletlerinden ýuridik şahslar we hususy itşynaslar bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.
Türkmen alabaýy gadymy it tohumlarynyň biridir. Biziň eýýamymyzdan ozalky V-IV müňýyllyklarda gülläp ösen Änewiň çäginde ähli dessurlar berjaý edilip jaýlanan äpet türkmen alabaýynyň galyndylary tapyldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda belleýşi ýaly, itler bilen baglanyşykly arheologik tapyndylar bürünç eýýamynyň Altyndepe, Goňurdepe, Ajyguýy ýaly ýadygärliklerinde ýüze çykaryldy.
«Gadymy Merw» medeni-taryhy ýadygärlikler toplumynyň merkezinde ýerleşen Gäwürgala ýadygärliginde gazuw-agtaryş işleri geçirilende, biziň eýýamymyzyň II asyryna degişli çopan itiniň heýkeljigi tapyldy. Türkmen alabaýynyň laýdan ýasalan, biziň eýýamymyzyň VI-VII asyrlaryna degişli ýene-de bir heýkeljigi Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda ýerleşýän Araphana ýadygärliginde ýüze çykaryldy.
Soňky ýyllarda dünýäniň dürli künjeklerinde türkmen alabaýlarynyň muşdaklarynyň sany barha artýar. Bu ägirt uly gyzyklanmany nazara almak bilen, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy meşhur alabaýlaryň dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegine giň mümkinçilik döredýär.
Guwanç Garajaýew,
S.A.Nyyazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.