Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýygyndy topary Gruziýanyň Bakuriani dag-lyža şypahasynyň sport toplumynda okuw-türgenleşik işlerini geçirýär. Bu ýerde Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysyndan 8 türgen 52 ýaşyndaky meşhur hytaýly hünärmen Lin Şufeniň tälim bermeginde halkara ýaryşlaryna taýýarlanýar.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň habar bermegine görä, Gruziýada türkmen türgenlerinden Asal Kerimbaýewa, Anamjan Rustamowa, Seýitjan Mirzaýew, Bunýad Raşidow, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Şahzadbek Matýakubow we Dawranbek Hasanbaýew taýýarlyk görýär.
Häzirki wagtda Dawranbek Hasanbaýewiň öňünde uly wezipe dur. Onuň şu ýylyň tomsunda Fransiýada geçirilýän Olimpiýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görmegi zerurdyr. Ol Tailandda geçirilen dünýä kubogy ýaryşynda oňat netijeler görkezip, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga ýollanma alypdy.
Hytaýly meşhur türgen Lin Şufen uly tälimçi hökmünde türkmen türgenlerine geçen ýylyň güýzünden bäri tälim berip gelýär. Onuň tälim bermeginde türkmen türgenleri Katardaky, Daşkentdäki we Tailanddaky halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Gruziýadaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda hytaýly hünärmen Lin Fuşen Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mansur Rejepow bilen bilelikde türgenleri ýaryşlara taýýarlaýar.
