SPORT

Türkmen agyr atletikaçy Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandy

Şu günler Tailandyň Phuket şäherinde agyr atletika boýunça dünýä kubogy geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysynyň türgenleri hem gatnaşýar.

Türkmen türgenlerinden Dawranbek Hasanbaýew bu ýaryşda görkezen oňat netijesi bilen 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýollanma alyp, dünýäniň iň uly ýaryşyna gatnaşmak mümkinçiligine eýe boldy.

102 kilogram agramda çykyş edne türkmen türgeni umumylykda 392 kilogram agramy götermegi başardy. Ol ştangany itekläp götermekde 187 kilogram agramy galdyryp, altyn medal gazandy. Türkmen türgeni ştangany siltekläp götermekde bolsa, 205 kilogram agramy götermegiň hötdesinden geldi.

Tailandyň Phuket şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä kubogy şu ýylyň 26-njy iýuly-11-nji awgusty aralygynda Parižde guralýan tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin ýollanma almaga mümkinçilik berýän soňky ýaryşdyr.

Tailandyň Phuket şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä kubogy 11-nji aprelde tamamlanýar.

Ýene-de okaň

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy