BIZNES

Türkiýeli sürüjilere Türkmenistandaky gümrük nokatlarynyň sanly mümkinçilikleri barada maglumat berler

Sanly ulgama geçmek bilen bagly döredilen ýeňilliklerden peýdalanylmagynyň oňyn netijeleri barada maglumatlar Türkiýe Respublikasyndan Türkmenistana gelýän sürüjileriň dykgatyna ýetiriler. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri bilen türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Artyk» gümrük nokadynda geçirilen gepleşiklerde aýdyldy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web sahypasy ilçihanany wekilleriniň gümrük nokadyna baryp görendigini habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, myhmanlar bu ýerde gümrük taýdan resmileşdirmek, üstaşyr ýükler barada deslapky maglumatlaryň ulanylyşy we «ýaşyl geçelgeleriň» işi bilen tanyşdylar.

Saparyň dowamynda wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri bilen söhbetdeş boldular. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň çäginden üstaşyr we ikitaraplaýyn halkara awtoulagly ýük daşamalarynyň amallaryny ýönekeýleşdirmek, halkara awtoulagly ýük daşamalarynda ulanylýan TIR kitapçasyny sanlylaşdyrmak we ýükler barada deslapky maglumatyň berilmegi boýunça döredilen ýeňillikler dogrusynda pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler