JEMGYÝET

Türkiýede Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Stambuldaky Baş Konsullygynyň gatnaşmagynda 2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Ilçihananyň edara binasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi hem-de Stambul şäherindäki Baş konsuly Myratgeldi Seýitmammedow, Türkiýäniň Strategiki düşünjeler institutynyň başlygy Muhammet Sawaş Kafkasýaly, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasynyň Baş sekretary Adem Kula, Türkmen-Türk dostluk jemgyýetiniň başlygy, “Sahipkyran” Strategiki gözleg merkeziniň baş hünärmeni Jesurhan Taş hem-de Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.

Wideo aragatnaşyk maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri barada giňişleýin bellenilip geçildi hem-de gazanylan üstünlikler bilen  tanyşdyrýan wideo ýazgylary görkezildi.

Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi öňe sürmekde halkara gural bolup durýandygy barada belläp geçdiler, Bitaraplyk syýasatynyň syýasy, ykdysady we medeni jähtleri barada giňişleýin beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda ilkinji gezek Türkmenistan–ÝB işewürler forumy geçirildi