DÜNÝÄ

Türkiýede Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli surat sergisi açyldy

2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynyň Kyrşehir welaýatynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli surat sergisi açyldy.

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasynyň we Ahi Ewran uniwersitetiniň bilelikde gurnan sergisiniň açylyş dabarasyna, Türkiýäniň belli medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalaryň we habar beriş serişdeleriň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdy.

Sergide çykyş edenler, häzirki wagtda Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalary we halkara başlangyçlary, Türkmenistanyň Döwlet Baştutanynyň alyp barýan parahatçylykly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasaty esasynda amala aşyrylýandygyny bellediler.

Bu nukdaýnazardan, bu ýerde ýerleşdirilen foto suratlar Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda oýlanşykly we üstünlikli amala aşyrylýan şäher gurluşyk syýasatyny şöhlelendirýändigini, şeýle-de bu syýasatyň adamlaryň durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, olaryň işlemegi we dynç almagyna gönükdirilendigini nygtaldy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler