BILIM

Türkiýede talyp haky bilen bilim : 2022

Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän daşary ýurtly talyplara talyp haky mümkinçiligi döredilýär. Bu talyp haklaryndan Türkmenistanly ýaşlar hem peýdalanyp biler!

Türkiýe, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen daşary ýurtly talyplar üçin “Türkiýe talyp haky” mümkinçiligi bilen uniwersitetleriň gapylaryny açýar. Talyp haky maksatnamasy, talyplara Türkiýede okaýarka täzeçe garaýyş we özboluşly bilim tejribe gazanmak üçin giň mümkinçilikler hödürläp, iň abraýly türk uniwersitetlerine we ýokary bilimine eýe bolmaga kömek edýär.

Bu talyp haklary Türkiýäniň uniwersitetlerinde bilim almak isleýän görnükli talyplara berilýär, bu bäsdeşlik maksatly talyp haky maksatnamasydyr.  Talyp haky bilen baglanşykly has giňişleýin maglumaty Türkiýede bilim almak isleýän talyplara maslahat hyzmatyny berýän “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık Tercüme Turizm ve Bilişim Ltd” şereketinden alyp bilersiňiz!

2022-nji ýyl üçin talyp haky maksatnamasyna ýüz tutmak işi başlaýar. Bu babatda resminamalar kabul edilip başlaýar. 2022-nji ýylyň 10-njy ýanwary-20-nji fewraly aralygynda talyp haky gazanmak üçin ýüz tutmak mümkinçiligi döredilýär.

www.turkiyeburslari.gov.tr internet saýtynyň üsti bilen kabul ediljek resminamalar bakalawr, magistr we doktarantura üçin talyp haklaryny gazanmak üçin mümkinçilik döredilýär.

Bellemeli zat, biz ýakynda Ata Watan okyjylyaryna 2022-nji ýyl üçin diplomy ykrar edilýän dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň täze sanawyny ýetireris.

“ATAVATAN DANIŞMANLIK” HEM MASLAHATÇYŇYZ HEM-DE TERJIMEÇIŇIZ BOLAR

Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly talyplara maslahat hyzmatlaryny berýän Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık Tercüme Turizm ve Bilişim Ltd” şereketi talyplara diňe bir maslahat bermek hyzmaty bilen çäklenmän, eýsem terjime hyzmatyny hem hödürlýär.

“Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi”

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul

E: Mail Adres : atavatanltd@gmail.com

WhatsApp  Atavatan : +90 532 401 71 52

Telefon : +90 212 633 40 00  (Türkiye)

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Türkiýede bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

 

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron pçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

 

4 Dilde gürleýän Sözlük: Makul Sözlük Rus dilinde

Ýene-de okaň

Jon Smit talyp haky maksatnamasy kabul edişlik başlady

Tomusky dynç alyş möwsümi başlady

Aşgabatda pars dili kurslarynyň tomusky möwsümi başlanýar

Ata Watan Eserleri

Gyrgyzystanda mugallymlar ilkinji gezek emeli aňy kömekçi hökmünde ulanarlar

Ylym-bilim ulgamyndaky halkara tejribeler

Ata Watan Eserleri

BAE-niň ilçisi Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okuw sapagyny geçirdi