BIZNES

Türkiýe: Türkmenistandaky üçtaraplaýyn sammit energiýa geçelgesi üçin möhüm

Şu ýylyň 14-nji dekabrynda Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan görnüşinde üçtaraplaýyn sammiti geçirmek meýilleşdirilýär. Bu sammit Merkezi Aziýadan energiýa serişdeleriniň Ýewropa ibermek üçin energiýa geçelgesini döretmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň resmi wekili Ibrahim Kalyn belläp geçdi.

“Häzirki energika we azyk howpsuzlygy bilen baglanyşykly dünýäde bolup geçýän wakalaryň döwründe türki dünýäsiniň we Mekrezi Aziýanyň ähmiýeti yzygiderli artýar. Türki dünýäsiniň geografiýasy energiýa göterijileriň dünýä gorunyň ep-esli möçberine eýedir. Biz tarapyndan döredilýän energiýa göterijileriň geçelgesi Ýewropa bazaryna tebigy gaz ibermekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Bu diňe bir Azerbaýjanyň gazyny däl, eýsem geljekde Türkmenistanyň we Gazagystanyň energiýa serişdelerini dünýä bazaryna ibermekde ähmiýetli bolar. Türkmenistanda geçiriljek Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan görnüşinde üçtaraplaýyn sammit bu amala aşyryljak işiniň möhüm tapgyry bolar” – diýip, Ibrahym Kalynyň çykyşy TRT teleýaýlymynda berildi.

14-nji dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda üçtaraplaýyn sammit göz öňünde tutulýar. Bu saparyň öňüsyrasynda üç ýurduň daşary işler, ulag we energetika ministrleriniň duşuşyklary hem meýilleşdirilýär.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan öz ýurdunda Ýewropa bazaryna tebigy gaz  ibermek babatda tebigy gaz merkezini döretmek babatdaky meseläni bu sammitde ara alyp maslahatlaşjakdygyny ozal hem belläp geçipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy