DÜNÝÄ

Türkiýe Respublikasynyň milli jebislik güni

Türkiýe Respublikasynda we döwletiň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda 15-nji iýul Demokratiýa we milli jebislik güni mynasybetli dabaralara guraldy.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy hem bu babatda dabara gurnady. Paýtagtymyz Aşgabatdaky türk medeniýet merkezinde geçirilen dabara Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, ilçihananyň işgärleri we Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdy.

Dabarada çykyş eden ilçi Togan Oral 5 ýyl mundan ozal Türkiýe Respublikasynda bolup geçen gynandyryjy wakalar, şeýle hem ýurduň çäginde durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi babatda geçirilen işler barada gürrüň berdi.

Şeýle hem ilçi bu ugurda amala aşyrylan ýadawsyz tagallalaryň netijesinde, dürli wehimlere garşy göreşmekde uly üstünlikleriň gazanylandygy mälim etdi.  Ilçi Togan Oral türk halkynyň görkezen edermenligi bilen ýurduň konstitusion tertibine howp salýanlara garşy göreşde ýeňşiň gazanylmagynyň möhüm bolup durýandygyny belledi.

Dabaranyň çäklerinde surat sergisi geçirildi.

Idiomalar: Diller dünýäsiniň ajaýyp bir bölegi

 

 

Ýene-de okaň

Gyrgyzystan ilkinji gezek milli puluny özbaşdak çap etdi

Türkmenistan-ABŞ:söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň duşuşygyna taýýarlyk boýunça Teswirnama gol çekildi

Aşgabatda “Yn­san­per­wer­lik ýo­ly” ady bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di

Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy