Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkiýe Respublikasynda resmi saparda boldy. Saparyň çäklerinde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda ýokary derejede gepleşikler geçirildi.
Prezidentler ikiçäk düzümde gepleşik geçirdiler, soňra Gazagystan bilen Türkiýäniň ýokary derejeli Strategik hyzmatdaşlyk Geňeşiniň mejlisi boldy. Geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 5 milliard dollar boldy. Rejep Taýyp Ärdoganyň aýtmagyna görä, ýurtlar bu görkezijini üç esse artdyrmak üçin tagallalaryny dowam etdirerler.
Ankara saparynyň çäginde taraplar 18 resminama gol çekdiler. Olar arasynda Şymkentde, Almatyda we Astanada logistika merkezlerini gurmak boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama bar. Şeýle-de, syýahatçylyk pudagyny goldamak maksady bilen Gazagystanda Türkiýäniň raýatlary üçin 90 günlük wizasyz düzgüni ornaşdyrmak göz öňünde tutuldy.
Gazagystanyň we Türkiýäniň Prezidentleri Kasym-Žomart Tokaýew bilen Rejep Taýyp Ärdogan Gazagystan bilen Türkiýäniň ýokary derejeli Strategik hyzmatdaşlyk Geňeşiniň 5-nji mejlisini geçirdiler. Bu duşuşykda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyny 15 milliard dollara çenli artdyrmak babatda başlangyçlar öňe sürüldi.
«Biz siziň ýurdunuz bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýäris. Häzirki wagtda iki taraplaýyn gatnaşyklarymyz strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykdy» diýip, Ärdogan aýtdy we Türkiýäniň söwda, oba hojalyk, syýahatçylyk we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny belledi.
Ärdogan Gazagystanyň Türkiýäniň iň uly söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.
«Biz haryt dolanyşygyny 15 milliard dollara ýetirmek üçin tagallalar ederis» – diýip belledi.
Öz gezeginde Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň türk bazaryna azyndan 34 görnüş önümi umumy bahasy 1 milliard dollar möçberinde ýetirip biljekdigini aýtdy. Şeýle hem Türkiýeden gelýän harytlaryň görnüşini artdyrmagyň ähmiýeti bellenildi. Geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 5 milliard dollar boldy.
Şeýle hem saparyň maksatnamalarynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Türkiýe Respublikasynyň iň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglady.
