Türkiýäniň milli ýygyndysy Dünýä Kubogynyň pleý-off tapgyrynyň ýarym finalynda Rumyniýany ýeňip, finala çykdy.
Dünýä Kubogynyň pleý-off ýarym finalynda Türkiýäniň milli ýygyndysy bilen Rumyniýanyň ýygyndysy duşuşdy.
Stambul şäherindäki “Tüpraş” stadionynda geçirilen duşuşyk Türkiýäniň ýygyndysynyň 1-0 hasabyndaky üstünligi bilen tamamlandy.
Türkiýäniň ýygyndysyna ýeňiş getiren goly 53-nji minutda Ferdi Kadyogly geçirdi. Türkiýe bu netijeden soň Dünýä Kubogynyň pleý-off finalyna adyny ýazdyrdy. Rumyniýa bolsa Dünýä Kubogyna gatnaşmak mümkinçiligini ýitirdi.
Türkiýäniň milli ýygyndysy Slowakiýany ýeňen Kosowo bilen 31-nji mart sişenbe güni Dünýä Kubogynyň pleý-off finalynda duşuşar.
Şeýle hem Bosniýa we Gersegowina bilen Italiýanyň, Şwesiýa bilen Polşanyň, Kosowo bilen Türkiýäniň, Çehiýa bilen Daniýanyň arasyndaky duşuşyklar 31-nji martda geçiriler.
2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty 11-nji iýun – 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Bu ýaryşda taryhda ilkinji gezek 48 ýygyndy gatnaşar.
