JEMGYÝET

Türkiýäniň Ýokary saýlaw geňeşiniň başlygy bilen duşuşyk

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Gulmyrat Myradow ýurdumyza halkara synçy hökmünde gelen Türkiýe Respublikasynyň Ýokary saýlaw geňeşiniň başlygy Muharrem Akkaýa we Türkiýe Respublikasynyň Ýokary saýlaw geňeşiniň agzasy Ali Ürker bilen duşuşdy. Bu barada “saylav.gov.tm” internet neşirinde bellenilip geçilýär.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy dostlukly döwletiň wekillerini halkara synçy hökmünde Türkmenistanda görýändigine şatdygyny mälim edip, olary 2022-nji ýylyň 12-nji martynda boljak saýlawlara taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça amala aşyrylan tapgyrlaýyn işler hem-de saýlaw kanunçylygynyň düzgünleri bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda doganlyk döwletimiz bolan Türkiýe Respublikasynyň Ýokary saýlaw geňeşiniň wekilleri Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysyna 12-nji martda boljak möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäräniň guramaçylykly geçirilmegini arzuw etdiler.

 

19-njy martda täze saýlanjak Prezidentiň wezipesine girişmek dabarasy bolar

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Türkmenistanda Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasy berler

Türkmenistanda köp çagaly enelere Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy

Türkmenistanda köp çagaly zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Wepa Hajiýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili boldy